Aşgabat: Häkimiýetleriň hossar’ çykan itlerine açlykdan gyrylmak howpy abanýar

Aşgabat: Häkimiýetleriň hossar’ çykan itlerine açlykdan gyrylmak howpy abanýar

Türkmen häkimiýetleri tarapyndan kesgitlenen ýerlerde toplanan onlarça jandara açlykdan ölmek howpy abanýar diýip, aşgabatly jandar gorýajylar habar berýär.

Raýat aktiwisti Nataliýa Şabuntsyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda jemagat hojalyklarynyň işgärleri paýtagtyň köçelerinden we eteklerinden tutulan eýesiz jandarlary Aşgabadyň etegindäki Çoganlyda ýerleşýän penahana getirýärler.

“Häzir itleri Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawodyň howlusyndaky saraýa getirýärler. Bu saraýda itler bilen pişikleriň arasy uly bolmadyk gözenekli haýat bilen bölünen, pişikler olaryň üstünden bökýär, itler olary gabyrdadyp basýar. Uly itler kiçi itleri iýýär. Meýletinçiler bu janawerleri her gün naharlaýarlar, adamlar pul ýygnaýar, olar jandarlara iýer ýaly zat getirýär” diýip, Nataliýa Şaýunts Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Aktiwistiň sözlerine görä, häzir bu penahanada 100-e golaý uly it we 80 çemesi güjük bar. Itleri we pişikleri her gün getirýärler diýip, ol aýdýar.

Bu ýer häzir şäheriň köçedäki it-pişikleri tutýan gulluklarynyň eýesiz jandarlary getirýän esasy merkezi bolup durýar. Emma Azatlyk radiosyna häzirlikçe bu ýerde jandarlar üçin döredilen penahanany kimiň gurnandygyny we işledýändigini anyklamak başartmady.

Şu aralykda bir okyjymyz munjuň penahana däldigini habar berdi. "Itler Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işelýän zawodyň saraýynda saklanylýar, olary bu ýerden penahana alyp gitmeli, emma penahana entek gurulmandyr" diýip, Azatlygyň feýsbuk sahypasynda galdyrylan habarda aýdylýar.

Eýesiz jandarlara garşy 'yglan edilmedik uruş'

Türkmen paýtagtynda eýesi jandarlary tutup-ýygnamak işleri şu ýylyň başyndan bäri ýörite ulaglary mämişi reňkli ýük awtoulaglaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleriniň tassyklamagyna görä, bu maşynlary şäheriň dürli ýerlerinde, hususan-da gür ilatly mikroraýonlarda ýygy-ýygydan görse bolýar.

Aktiwistler ilki tutulan it-pişikleriň Aşgabatdaky haýwanat bagyna eltilendigini gürrüň berdiler. Soňra häkimiýetler Aşgabadyň etegindäki Gäwers şäherçesiniň golaýynda ýer uçastogyny berdiler we ol ýerde eýesiz jandarlary toplamak işi ýola goýuldy. Emma N.Şabunts bu ýerdäki jandarlara gowy seredilmändigini we olaryň uly böleginiň açlykdan ölendigini gürrüň berýär.

“170 itden ýigrimi çemesi ölmän galdy.Olary başda meýletinçiler naharlady, itleriň daşyna aýlanan gözenekli haýat hem meýletinçileriň hasabyna aýlandy.Meýletinçileriň hasabyna hatda suw skwažinasy hem guruldy, emma soň barysyny taşladylar” diýip, Nataliýa Şabunts aýdýar. “Eger hökümet ynsanperwer bolmak we penahana gurmaga kömek etmek kararyna gelen bolsa, serişde-de goýbermelidi, emma diňe ýer berdiler.

Itleri bolsa getirdiler durdylar.Netijede jandarlar öldi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistanda şu ýylyň awgustynda ilkinji gezek eýesiz jandarlar üçin penahana resmi hasaba alyndy. Metbugat habarlaryna görä, eýesiz jandarlara kömek etmek üçin döredilen “Umyt adasy” merkezine kinologiýa ugrundan hususy kärhana açmaga patent berildi, onuň ýuridiki adresi kesgitlendi we bank hasaplary açyldy.

Emma aşgabatly aktiwistler bu penahananyň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda açylandygyny we goşmaça jandarlary saklamaga ýagdaýynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Garaşsyz çeşmeleriň maglumatlaryna görä, türkmen paýtagtyndaky eýesiz jandarlary Aşgabadyň jemagat hojalygy bilen bagly gulluklar tutýarlar.

Azatlyk radiosy bu meseleleri anyklaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine, käbir etraplaryň öý uprawleniýelerine ençeme gezek ýüz tutdy, emma hiç bir düşündiriş alyp bilmedi.

Soňky bir ýylyň dowamynda Aşgabatda tutulan it-pişikleriň göni köçede, tutulan ýerlerinde köpçülikleýin öldürilendigi barada birnäçe gezek habar berildi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet eýeçiligindäki metbugat eýesiz jandarlaryň tutulyşy we ýok edilişi baradaky temalary gozgamaýar we garaşsyz habar serişdeleriniň bu ýagdaý baradaky habarlaryna hiç bir düşündiriş bermeýär. Şol bir wagtda, türkmen ýolbaşçylary alabaý itini milli baýlyk hökmünde wagyz edýärler we ýetip gelýän Täze ýylyň bosagasynda paýtagtyň köçeleri it şekilleri bilen bezeldi.

Sözsoňy ýerine

Bu habar Azatlygyň rus dilindäki sahypasynda çap edileninden soň, okyjylarymyzyň biri Azatlygyň feýsbuk sahypasynda şeýle maglumat galdyrdy:

“Olar entek diri we iýmek isleýärler...Itler Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işelýän zawodyň saraýynda saklanylýar, olary bu ýerden penahana alyp gitmeli, emma penahana entek gurulmandyr.Iki sany aýal 22-nji oktýabrdan bäri bu ýere 150 buhankadan çörek, 100 litr azyk getirýär, olar ysgyndan gaçdy, emma aç itleriň gözlerini unutmak mümkin däl.

Azyk gerek: çörek, ýarma, süňkler, towuk aýaklary, kafelerdäki azyk galyndylary. Ýöne hemme zatdan beter ömründe azyndan bir gezek aç itleri naharlamaga gelýän adamlar gerek” diýip, okyjymyz harabrlaşmak üçin telefon nomerini galdyrypdyr (+99365455362 Margarita).

Şeýle-de hatda bu “saraýyň penahana däldigi, Margarita bilen Oksananyň penahanayň işgäri däldigi” nygtalýar.

“Biz, etiki nukdaý nazardan, itleriň suratlaryny çap etmeýäris, emma ynanyň, örän gowy, owadan güjükler, uly alabaýlar bar. Belki, bolmanda bir jandary halas etmek üçin, bir güjügi ýa iti almaga taýýar adamlar bardyr. Itler açlykdan bir-birini iýýär. Eger başga kömegiňiz degmese, maglumaty ýaýradyň” diýip, Azatlygyň okyjysy ýazypdyr.

Ýene degişli makalalar

Stambulda tussag edilen aktiwist deportasiýa merkezinden boşadyldy
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Türkiýede türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa azar berilýär
Türkmen aktiwisti Dursoltan Taganowa öz howpsuzlygyndan aladalanýar
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanda tussag edilen aktiwiste geçmişdäki 'etmişler' esasynda iş kesilipdir
Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar