Türkiýäniň Ýimpaş Holding kompaniýasynyň eýeleri bilen türkmen emeldarlarynyň arasynda Aşgabatdaky Ýimpaş söwda merkeziniň we Ýimpaş Täjirçilik merkeziniň binasyny ýykmak üstündäki çekeleşik dowam edýär.
Ýatladýarys, söwda merkezi 2016-njy ýylyň dekabrynda ýapyldy. Taraplar şondan bäri ylalaşyp bilmän gelýärler, bina bolsa boş dur.
Başda SM-niň ýykyljakdygy çaklandy.Biziň maglumatlarymyza görä, türk holdingi bilen türkmen häkimiýetleriniň arasynda baglaşylan we 2030-njy ýyla çenli güýji bolan şertnama bar.
Türk tarapy bu şertnama esaslanyp, Aşgabat şäher häkiminiň binany ýykmak baradaky kararynyň ýatyrylmagyny ýa-da özlerine bina üçin kompensasiýa tölenmegini talap edýärler.
Häkimiýetler Ýimpaş binasynyň ýerleşýän territoriýasynda başga birnäçe desgany gurmagy planlaşdyrýarlar. Şu ýylyň fewralynda we martynda eýýäm “Döwlet ätiýaçlandyryşynyň” we Senagatbankyň golaýda ýerleşýän binalary ýykyldy.
Ozalky söwda merkeziniň binasynyň daşy haýat bilen baglanan hem bolsa, ony entek ýykmadylar.
Bar bolan maglumatlara görä, bölekleýin kompensasiýa hökmünde, paýtagt häkimiýetleri türk holdingine binany ýumurman, soňra satmak üçin onuň gurluşyk materiallaryny söküp almagy teklip edýärler.
Bu iş bilen meşgullanmak Türkmenistanyň “Ajaýyp Gurluşyk” atly hususy gurluşyk kompaniýasyna tabşyryldy.
Emma, häzirlikçe bu teklibiň türk holdinginiň ýolbaşçylaryna ýarap-ýaramandygy belli däl. Häzir bu desgada hiç bir iş edilmeýär.