Aşgabat gözelligiň şäheri

Aşgabat gözelligiň şäheri

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat söwda dynç alyş merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Aşgabat gözelligiň şäheri ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler bu gün ata Watanymyzyň ýüregi ak mermerli Aşgabadyň ady alyslardan-alyslara kämil binagärligiň, gözelligiň we söýgüniň şäheri höküminde dabaralanýandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler we şeýle-de Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäheriniň toruna Dizaýn ugry boýunça girizilmegi bolsa paýtagtymyzyň halkara abraýynyň ýene-de bir gezek beýgelýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda paýtagtymyzy dünýäniň nusgalyk şäherine öwrülmeginde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň torunda
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyny ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy, Türkmenistanda galtaşyksyz töleg hyzmaty giriziler, Özbegistanda Türkmen halylarynyň milli muzeýiniň açylyşy boldy we beýleki habarlar
Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy