“Aşgabat gazna biržasynda” 40 million manada golaý paýnamalar satyldy

“Aşgabat gazna biržasynda” 40 million manada golaý paýnamalar satyldy

“Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen maýa goýujylar 2022-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda 39 million 830 müň manatlyk paýnamalary satyn aldylar.

Biržanyň mälim eden maglumatlaryna görä, bu mukdar 2021-nji ýylda satylan paýnamalaryň umumy bahasyndan 3,7 esse ýokarydyr. Geçen ýyl biržanyň üsti bilen umumy bahasy 8,4 million manatdan gowrak bolan paýnamalar satyldy.

Bellenilişi ýaly, “Aşgabat gazna biržasynyň” üsti bilen 2019-njy ýyldan bäri umumy bahasy 50 million manatdan gowrak bolan 1,2 milliona golaý paýnamalar satyldy.

Häzirki wagtda biržanyň dolanyşygynda “Halkbankyň” 8 müňden gowrak, “Rysgal bankyň” 5,5 müň we “Senagat bankyň” 1 milliondan gowrak paýnamalary bardyr.

Öz işine başlanyndan bäri “Aşgabat gazna biržasy” 33 sany birža söwdalaryny geçirip, 61 sany geleşigi hasaba aldy.

“Aşgabat gazna biržasy” ÝGPJ 2016-njy ýylyň 17-nji awgustynda döredildi. Häzirki wagtda biržanyň esaslandyryjylary hökmünde “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky, Türkmenistanyň “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çykyş edýärler.

Ýene degişli makalalar

Resmi Kepil HJ fiziki we ýuridik şahslara ätiýaçlandyryşyň 20 görnüşini hödürleýär
Türkmendemirýollary agentliginiň ýolbaşçysy azerbaýjanly kärdeşi bilen duşuşdy
Türkmenistan internetiň tizligini ýokarlandyrmagy we nyrhnamalaryň bahasyny arzanlatmagy meýilleşdirýär, Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýne geldi, Türkmenistan Uniwersitetiň üç missiýasy halkara derejesindäki diplomlary ykrar eder
AŞTU birnäçe ýokary tizlikli täze nyrhnamalary hödürleýär
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Bahreýne ugrar, Mişustin Türkmenistandaky mekdebe roýal sowgat etdi, Azerbaýjan Baku bilen Türkmenbaşynyň arasynda gatnaw nyrhlaryny arzanladar we beýleki habarlar
Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Hünärim bar hormatym bar atly bäsleşik geçirildi