
Aşgabat gazna biržasynyň (AGB) Bilim merkezi gyzyklanma bildirýän diňleýjileri Gymmatly kagyzlar bazary we paýdarlar jemgyýetlerinde dolandyryş atly gysga möhletli okuwlary geçmäge çagyrýar.
Okuwyň dowamlylygy — 1 aý. Okuw sapaklary 26-njy martda başlanyp, AGB-nyň Aşgabatda ýerleşýän şu salgydaky ofisinde geçiriler: Aşgabat ş., Türkmenbaşy şaýoly, 124-nji bina.
Okuwlar barada has giňişleýin bilmek üçin telefon belgileri: (+993 12) 46-85-82; 46-86-05.