Aşgabat futbol topary BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar

Aşgabat futbol topary BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar

Aşgabat futbol topary şu günler täze baş tälimçisi Tofik Şukurowyň ýolbaşçylygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar. Bu ýygnanyşyk 10 günläp dowam eder.

Tofik Şukurowyň milli çempionatyň birinji ýarymynda Köpetdagyň baş tälimçisi bolup işländigini ýatladýarys. Ol Aşgabatda ozalky tälimçi Said Seýidowyň ornuna geldi.

BAE-däki ýygnanyşykdan soň Aşgabat futbol topary Türkmenistanyň çempionatyndaky duşuşyklaryny dowam etdirer. Topar üçünji aýlawdaky ilkinji duşuşygyny 16-njy awgust güni Köpetdag bilen geçirer.

Yzda galan iki aýlawda 16 utuk toplap bilen Aşgabat ýaryş tertibinde altynjy orny eýeleýär. Täze baş tälimçiniň öňünde çempionatyň galan böleginde netijeli çykyş etmek wezipesi goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit platformalarynyň birinde ýangyn döredi
Eýrandaky saýlawlaryň ikinji tapgyry 5-nji iýulda bolar
Eýranda geçjek Prezident saýlawlarynda alty syýasatçy dalaşgärlik eder
Eýranda 37 adam Prezident saýlawlarynda dalaşgärlik etmek isledi
Hakan Fidan Özbek Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Täjigistanda gurulýan türkmen mekdebiniň gurluşyk işleri maslahatlaşyldy