Aşgabat dünýäniň iň gymmat şäheri saýlandy

Aşgabat dünýäniň iň gymmat şäheri saýlandy

Bu barada Gong Kongyň “South China Morning Post” neşiri “ECA International” kompaniýasynyň geçiren soňky barlaglaryna salgylanyp, 17-nji dekabrda habar berdi.Neşiriň maglumatyna görä, bu ýyl Aziýa materiginde ýerleşýän şäherlerde gymmatçylygyň ýokarlanmagyna esasan daşary ýurt walýutasynyň bahasyndaky üýtgeşmeler sebäp boldy.

Kompaniýanyň 2017-nji ýylda geçiren barlagynda Aşgabat gymmatçylykda dünýäde 146-njy orunda ýerleşdirilipdi. “Geçen ýyl dünýäde 146-njy orny eýelän Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat bu ýyl dünýäniň iň gymmat şäheri boldy. Ýurtdaky ykdysady krizisiň ýitileşmegi bilen, walýutanyň “gara bazardaky” nyrhy aşa ýokarlandy, daşary ýurt walýutasy gytaldy. Öz gezeginde bu ýagdaý inflýasiýanyň ýokarlanmagyna getirdi” diýip, “South China Morning Post” ýazýar.

Maglumatda aýdylmagyna görä, pikir-soraşygyny geçirýän kompaniýa şeýle barlaglary her ýylyň mart we sentýabr aýlarynda geçirýär.Ol ýaşaýşyň amatly nyrhlary boýunça barlag geçirilýän ýerlerde iýmit önümleriniň, öý goşlarynyň, güýmenje hyzmatlarynyň we harytlarynyň, egin-eşigiň, restoranalarda ýa-da kafelerde edinilýän naharyň, spirtli içgileriň we temmäki önümleriniň bahalaryny hasaba goşýar.

Barlaglarda jaý kireýiniň töleg nyrhy, awtoulagyň bahasy we çagalaryň okuw tölegleri hasaba goşulmaýar.Neşiriň maglumatynda walýuta alyş-çalşygyndaky amatsyzlygyň inflýasiýa getirendigi nygtaldy. Ýatlasak, 1-nji iýunda Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Jons Hopkins uniwersitetiniň amaly ykdysadyýet boýunça professory Stiw Henki (Steve Hanke) Türkmenistanda inflýasiýanyň şol wagt 294 % baryp ýetendigini hasaplady. 4-nji iýunda Daşoguz welaýatynda dollaryň “gara bazardaky” bahasy rekord derejä ýetip, 29 manada çykdy.

Munuň yzýany, iýun aýynyň ortalarynda Aşgabatda dollaryň gara bazardaky bikanun söwdasyna, hamana, barlyşyksyz göreş yglan edildi hem-de manady daşary ýurt walýutasyna bikanun konwertasiýa etmekde aýyplanyp, käbir telekeçiler, bank işgärleri we kanun goraýjy düzümleriň käbir işgärleri saklandy. Ýöne Türkmenistanda iýmit önümleriniň, hususan-da unuň, çöregiň, ösümlik ýagynyň, towuk etiniň, ýumurtganyň we beýleki möhüm harytlaryň gymmatçylygy we gytçylygy dowam etdi. Çap edilen soňky maglumatdan mälim bolşuna görä, nyrhlar boýunça geçirilen soňky barlaglarda pikir-soraşyga goşant goşan daşary ýurtlular walýutanyň resmi kursa bolan gatnaşygy esasynda nyrhlary deňeşdirýär.

Türkmenistanyň Merkezi Bankynda dollaryň manada bolan resmi gatnaşygy 3.5 manatlygynda saklanyp galýar, ýöne "gara bazarda" 1 dollaryň bahasy 17 manat töweregindedir.Gymmatçylykda Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa Aşgabatdan soň dünýäde ikinji orunda durýar. Şweýsariýanyň Zurih, Bazel we Bern şäherleri degişlilikde dünýäniň iň gymmat 3-nji, 4-nji we 5-nji şäherleri hökmünde hasaba alyndy.

Aziýa yklymyndan Gonk Kong, Seul we Tokýo gymmatçylykda dünýäde ilkinji onluga girýär. Ýatlasak, iýun aýynda düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Mercer kompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin bahalaryň amatlylygy boýunça barlag geçirip, onuň netijelerini çap etdi.

Geçirilen şol barlagda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat dünýäde 209 şäheriň arasynda 43-nji iň gymmat şäher hökmünde hasaba alnypdy. Şol barlaglaryň netijelerine görä, gymmatçylygyň Aşgabatda Waşingtondan, Berlinden, Amsterdamdan, Pragadan we başga-da köp sanly günbatar şäherlerinden has ýitidigi anyklanypdy.

Ýene degişli makalalar

Henki: Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini wagtlaýyn togtatmagyň wagty geldi
Henki: Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini wagtlaýyn togtatmagyň wagty geldi
Aşgabat dünýäniň iň gymmat 10 şäheriniň arasynda ýerleşdirildi
HWF türkmen ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 2020-nji ýylda sähel haýallajakdygyny çaklaýar
Ekspert: Türkmenistanda walýutanyň “gara bazardaky” aşa ýokary nyrhy inflýasiýa täsir edýär
Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar