Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy

Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda duşenbe güni üç ulagy gatnaşmagynda bolan ýol-ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Ýokary tizlik bilen demirgazyk welaýatdan paýtagt Aşgabada barýan üç ulag gara ýoluň Ýerbent obasy bilen Bokurdak şäherçesinden geçýän böleginde biri-biriniň yzyndan baryp urýar we ýol heläkçiligine uçraýar.

Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Ýerbent gözegçilik nokadynyň bir ofiserine görä, ýol-ulag hadysasyna ýokary tizlik hem-de ýoluň erbet bolmagy sebäp bolýar. Polisiýa işgäri bu hadysanyň örän pajygaly bolup geçendigini aýdýar.

“Sagatda 155-170 km tizlik bilen barýan ulaglar ýoldan çykyp, biri-biriniň yzyndan baryp urýar. 18 ýyllyk iş tejribämde şeýle pajygaly ýol heläkçiligini görmedim” diýip, polisiýanyň kapitany aýdýar.

Heläkçilikde wepat bolan adamlaryň şahsyýetleri barada jikme-jiklik ýok.

Bu wakanyň yz ýany, magistralyň Daşoguz ugry boýunça hereket çäklendirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan polisiýa işgäri ýoluň bir ugur boýunça ýapylmagynyň içeri işler ministriniň buýrugy esasynda ýerine ýetirilendigini aýdýar.

“Bu magistral içeri işler ministriniň buýrugy esasynda Daşoguza gatnaýan ulaglar üçin ýapyldy. Magistral doly abatlanýança ýük ulaglarynyň, ýeňil ulaglaryň, awtobuslaryň we minibuslaryň gatnawyna rugsat berilmeýär” diýip, polisiýa ofiseri aýtdy.

Bu aralykda, hereket çäklendirmesi bilen, gara ýol arkaly Daşoguza welaýatyna aşmaga synanyşýan müňlerçe ýolagçynyň öňi baglandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary birden artan talabyň arasynda bu ugur boýunça howa we demir ýol biletleriniň hem tapdyrmaýandygyny habar berýärler.

Türkmenistanyň döwlet mediasy, elektron neşirler Aşgabat Daşoguz gara ýolunda bolan ulag heläkçiligi we munuň yz ýany, magistralda bir ugur boýunça gatnawyň togtadylmagy barada habar bermeýär.

Içeri işler ministrligi hem ýurtda bolup geçýän ýol heläkçilikleri barada hasabat bermeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň çäginde bolup geçýän ýol-ulag hadysalary barada yzygiderli habar berýärler.

19-njy iýulda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda bolan ulag heläkçiliginde bäş adam wepat boldy. Biraz öň, maý aýynyň soňky hepdesinde Daşoguzdan Köneürgenç şäherine barýan zyýarat kerweni ýol-ulag hadysasyna uçrap, bu heläkçilikde 15 adam öldi.

Şonda gaz üpjünçilik edaralarynyň işgärlerini sebitiň iri ýadygärlikler toplumyna zyýarata alyp barýan bir minibus we “Toyota Sienna” kysymly bir mikrobus Boldumsaz etrabynyň golaýynda ýoldan çykyp, pajygaly heläkçilige uçrady.

9-njy aprelde Derwezäniň golaýynda, Aşgabat Daşoguz gara ýolunyň ugrunda bolan beýleki bir ýol hadysasynda bäş adam wepat boldy. Şonda PÝGG işgäri “Toyota Awalon” kysymly ýeňil awtoulagyň ýoldan çykmagy netijesinde bolup geçen ulag heläkçiligine awtomagistraldaky çukanaklaryň sebäp bolandygyny aýtdy.

Bu magistralyň ugrunda 2023-nji ýylyň tomsunda bolan beýleki bir ulag heläkçiliginde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan sürüjiler bu ýoluň diňe bir tarapynyň hyzmata ýaramly bolandygyny aýdypdylar. Şonda ýol-gurluşyk işlerinden habarly çeşmeler bu ýolda emele gelen çukurlary ýamamak üçin 2019-njy ýyldan bäri gurluşyk edaralaryna asfalt ýa-da beýleki gurluşyk harytlarynyň berilmeýändigini aýtdylar.

Türkmenistanda çukanakly ýollar, awtoulagyň ýokary tizlikde, ýa-da içgili dolandyrylmagy ýaly ýagdaýlar köplenç ýol-ulag hadysalaryna sebäp bolýar. Şol bir wagtda, içeri işler ministrliginiň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan sürüjilik şahadatnamalarynyň paýlanylmagynda ýol berilýän düzgün bozmalar, korrupsiýa hadysalary hem ulag hadysalarynyň sebäpleriniň hatarynda agzalýar.

Azatlyk Radiosy Aşgabat Daşoguz gara ýolunda gaýtalanýan ýol-ulag hadysalary barada Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşy-Aşgabat ýolundaky heläkçilikde bäş adam wepat boldy, üçüsi ýaralandy
Balkanabatda bolan ýol hadysasynda bir okuwçy heläk boldy, ýene biri ýaralandy
Russiýada Harby Ýük Uçar Heläkçilige Uçrady
Nigeriýada Ýolagçy Awtobusy Heläkçilige Uçrady
Gyrgyzstanda Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 1 Esger Ýogaldy
Bişkekde Harby Dikuçar Heläkçilige Uçrady