Aşgabat —Daşoguz aralygyna her gün iki otly gatnawy ýola goýuldy

20-nji aprelden başlap, Aşgabat — Daşoguz — Aşgabat aralygyna her gün 2 ýolagçy otly gatnawy ýola goýuldy. Muny Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtyndaky Gatnaw tertibinde görmek bolýar.

Täze tertibe görä, 13 belgili ýolagçy otlusy her gün sagat 17:00-da Aşgabadyň demir ýol menzilinden ugrap, Daşoguz şäherine ertesi daňdan 05:41-de barýar. 14 belgili ýolagçy otlusy bolsa, Daşoguz şäherinden her gün agşam sagat 21:25-de ugrap, paýtagtymyza ertesi 10:15-de barýar.

93 belgili ýolagçy otlusy her gün paýtagtymyzdan 19:05-de ugrap, Daşoguz şäherine ertesi gün irden 07:51-de barýar. Yzyna gaýdýan 94 belgili ýolagçy otlusy bolsa, Daşoguz şäherinden her gün 18:00-da ugrap, paýtagtymyzyň demir ýol menziline ertesi gün, irden 07:00-da barýar.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Halkara Awtomenzil — Hazar ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy
Domodedowo howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini çap etdi
Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambuldan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary dikeltdi
Uçarda 5G hyzmatyna rugsat berler
Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwar aýy üçin Aşgabatdan halkara gatnawlar üçin petek satyp başlaýar
Täze logistik demir ýol gatnaw ugry Altyn Döwür kärhanasy tarapyndan işe girizildi