“Mercer” konsaltiň şirketi daşary ýurtlylaryň ýaşamagy üçin Cost of Living 2021 iň gymmat şäherleriň reýtingini çap etdi.
Geçen ýyla garanda, Aşgabat Gonkongy geçip, bu sanawyň “başyny çekýär”.
Aşgabat 2020-nji ýyldaky reýtingde 2-nji orny, 2019-njy ýylda 7 orny, 2018-nji 43 orny, 2017-nji ýylda 57 orny eýeläpdi.
Çet ýurtlylar üçin bular ýaly gymmatçylygyň ösmeginiň sebäbi,“gara bazarda” dollaryň bahasynyň birden ýokarlanmagy we netijede manatda nyrhlaryň galmagy bilen düşündirilýär. Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtlylar dollary manada diňe bahasy bazar nyrhyndan 10 esse arzan bolan döwlet banklarynda çalyşyp bilýärler.
2019-nji ýylda Aşgabadyň çet ýurtlylar üçin dünýäniň iň gymmat şäheridigini başga bir “Eca International” konsaltiň topary tarapyndan yglan edilipdi.
Bir hepde mundan öň prezident Berdimuhamedow paýtagta aýlananda, “dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň reýtinginde orunlarynyň pugtalanmagy üçin ” Aşgabadyň arassaçylygyny we abadanlaşdyrylyşyny üpjün etmegi çinowniklere tabşyrypdy.
Aşgabatdaky dükanlaryň birinde bahalar şeýle: Gapyrga etiniň bir kilogramy 90 manada deň (döwlet bahadan bilen 23,7 dollar, “gara bazar”bahadan 2,7 dollara deň), bir kilogram süňksiz, çylka etiň nyrhy 80 manat, ýagny, (22,9/2,4) dollara barabar.The post Aşgabat daşary ýurtlylar üçin dünýäniň iň gymmat şäherleriniň reýting sanawynyň “başyny çekýär” first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.