AŞGABAT AZIADASYNYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda gözel paýtagtymyzda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilmegi aýratyn bellemeli uly wakalaryň biridir.Bu uly çäräniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmeginiň kanunçylyk taýdan berkidilmegi hem derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça tutumly işleriň hatarynda degişli işleriň kanunçylyk binýadyny düzýän kanunlaryň birnäçesiniň kabul edilendigi aýratyn bellärliklidir. “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Professional sport hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şeýle hem Aşgabat Aziadasynyň işlerini kadalaşdyrýan kanunçylyk binýadyna 2016-njy ýylda kabul edilen kanunlaryň arasynda “Meýletinçilik hakynda”, “Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary hem degişli bolup durýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda geçirilen ýigrimi birinji maslahatynda kabul edilen “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem bu ugurda ýüze çykýan meseleleri düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Ýurtda bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän “Bedenterbiýe we sport hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bu işiň hukuk, guramaçylyk, durmuş esaslaryny belleýär.Raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna deň elýeterlilik hukuklaryny üpjün etmek, Türkmenistanyň milli sport toparlarynyň sportuň görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin sport ätiýaçlylygyny taýýarlamak üçin hukuk kepilliklerini we zerur şertleri döretmek, bedenterbiýäniň we sportuň subýektleriniň hukuklaryny, borçlaryny, ygtyýarlylyklaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek bu Kanunyň esasy wezipesi bolup durýar.“Professional sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasy wezipeleri professional sport bilen meşgullanmak üçin raýatlara deň mümkinçilikleri üpjün etmek, ýurdumyzda professional sportuň ösmegine hukuk kepilliklerini döretmek, professional sport babatda fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny, ygtyýarlyklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek, şeýle hem bu babatda olaryň gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek bolup durýar.

Kanunda sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, professional sport klublarynyň esasy hukuklary we borçlary göz öňünde tutulandyr.“Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bu oýunlary guramakda we geçirmekde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Kanunyň maksady “Aşgabat 2017” oýunlaryny ýokary derejede guramak we geçirmek üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri döretmek, şol sanda bu boýunça baglaşylan şertnamanyň şertlerini berjaý etmek üçin hukuk kepilliklerini üpjün etmekden ybaratdyr.Kanunda Aşgabat Aziadasynyň oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri takyk kesgitlenildi, onuň guramaçylary hökmünde çykyş edýän şahslar hem görkezildi. Ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän döwürde Türkmenistanda olimpiýa hereketini ösdürmek, bedenterbiýe we sport babatda sport meýletinçilerini taýýarlamak, mahabat işlerini ýola goýmak möhüm wezipe bolup durýar. Şu wezipeler bilen baglanyşykly halkara olimpiýa hereketiniň düzüm bölegi bolup durýan Türkmenistanyň olimpiýa hereketi hem-de bedenterbiýe we sport babatda sport meýletinçileri we “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwri mahabatyň ýerleşdirilmeginiň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini guramagyň aýratynlyklary barada düzgünler girizildi.Bu iri sport oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwri mahabat işlerini giň gerimde ýola goýmak hem esasy wezipeleriň biridir.

Bu işi ýola goýmak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnamanyň talaplaryna laýyklykda guralýar.Mahabat işleri guralanda, esasan-da, geçen ýyl kabul edilen “Mahabat hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilen kadalardan we düzgünlerden ugur alynýar.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde we welaýatlarda Aşgabat Aziadasynyň mahabatynyň giň gerimde ýola goýlandygy guwandyryjydyr.Islendik döwletde uly çäreler geçirilende, meýletinçileriň goldawyndan giňden peýdalanylýar. “Aşgabat 2017”-niň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi üçin hem meýletinçiler köpçüligini taýýarlamak babatda ýurdumyzda uly işler ýola goýuldy.

Bu çäräniň geçirilmegi göz öňünde tutulyp, geçen ýyl “Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.Halkara derejesinde geçiriljek uly sport ýaryşlarynda türgenler tarapyndan doping serişdeleriniň we usullarynyň ulanylmagyna garşy gönükdirilen işleri öz wagtynda ýola goýmak örän derwaýys meseledir. “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny sportda dopinge garşy göreşmek babatda işiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär.Şeýlelikde, Aşgabat Aziadasyny ýokary guramaçylykly geçirmegiň hukuk esaslary döwrebap kanunçylyk binýady bilen berkidilendir.

Bu kanunçylyk binýady hormatly Prezidentimiziň “Aşgabat 2017”-ni ýokary derejede geçirmek, köpçülikleýin sporty we olimpiýa hereketini ösdürmek, türkmenistanlylary sport bilen meşgullanmaga has-da giňden çekmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaşlary ýokary sporta ugrukdyrmak boýunça alyp barýan syýasatyny doly derejede amala aşyrmaga ýardam eder.

Züleýha ORAZOWA,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşykinstitutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Zyýat Hil tortlar üçin huruşlaryň köpdürlüligi bilen geň galdyrýar
Messi sentýabrda Liga 1-iň iň gowy futbolçysy boldy
10 ýaşly zehinli sazanda
Aşgabatdaky ms studio fotostudiýasy ýokary hilli fotosurat hyzmatlaryny hödürleýär
Floýd Meýwezer Konor Makgregor bilen boljak rewanşy anons etdi
Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy