Aşgabat Awaza Aşgabat awtobus gatnawynyň peteginiň bahasy belli boldy

Şu ýylyň 11-nji iýunyndan başlap, Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ Aşgabat Awaza Aşgabat aralygynda awtobus gatnawyny ýola goýar.Bu aralykda awtobus hepdäniň her güni Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýynda ýerleşýän Halkara awtomenzilden sagat 06:00-da we yzyna Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän 4-gatly 266 orunlyk awtoduralgadan sagat 13:00-da ugraýar. Şeýlelikde, bu şäherara awtobus gatnawyndan peýdalanjak ýolagçylar kassalardan petekleri satyn alyp bilerler.

Gatnawyň bir tarapy üçin petegiň bahasy 100 manat möçberinde bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satuwa çykaryldy
Aşgabat Awaza Aşgabat ugry boýunça petekleriň bahasy belli boldy
TULM Gazagystanyň üsti bilen Hytaýdan Eýrana konteýner gatnawyny ýola goýdy
Awtomobil ulаg hyzmaty AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
Awtomobil ulаg hyzmaty kompaniýasy sürüjileri işe çagyrýar
Awtomobil ulаg hyzmaty kompaniýasy taksi sürüjilerini işe çagyrýar