Aşgabat arassaçylyk işlerini we köpçülikleýin taýýarlyklary geçirip, Garaşsyzlyk gününe “şaýlanýar”

Aşgabat arassaçylyk işlerini we köpçülikleýin taýýarlyklary geçirip, Garaşsyzlyk gününe “şaýlanýar”

Aşgabadyň häkimiýetleri Garaşsyzlyk güni mynasybetli paýtagty arassalamak işlerine üç hepde gowrak öňünden taýýarlanyp başlady.

27-nji sentýabrda geçiriljek baýramçylyk çärelerine we harby parada taýýarlyklar hem güýçli depginde dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Arassaçylyk işlerine Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri bilen bir hatarda, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, talyplar we ýokary synp mekdep okuwçylary çekilýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy şaýat bolýan ýagdaýlaryny anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri esasan köçeleri, seýilgähleri, olardaky suw çüwdürimlerini we ýadygärlikleri arassalap, boýag işlerini geçirýärler. Olar günüň dowamynda 13-14 sagatlap işleýärler.

“Edara-kärhanalaryň işgärleri işleýän ýeriniň binasynyň daş-töweregini arassalaýarlar we olara bu ýerleri Garaşsyzlyk güni geçýänçä tämiz saklamak barada ýokardan görkezme berildi” diýip, býujet işgärleriniň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Talyplar we okuwçylar öz okaýan mekdepleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň binasyndan başga-da, olaryň daş-töweregini süpürip arassalaýarlar, haşal otlary aýyrýarlar.

“Jemgyýetçilik ýerlerini arassalamak işlerinde hem ýetginjekleriň zähmetinden peýdalanýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, 27-nji sentýabrda geçiriljek baýramçylyk çärelerine we harby parada taýýarlyklar hem güýçli depginde dowam edýär.

Esasy taýýarlyklar Garaşsyzlyk gününiň dabaraly belleniljek ýerinde, Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän döwlet münberiniň öňünde geçiriljek ýöriş üçin görülýär.

“Bu taýýarlyklar üçin talyplar daňdan sagat 4-de okuw jaýynyň öňünde üýşmeli bolýarlar. Olar sanaw boýunça barlanyp, münberiň öňüne alnyp gidilýär. Ir sagat 6-da başlaýan dabaraly ýöriş türgenleşigi öýläne çenli dowam edýär” diýip, aşgabatly talyplaryň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Bu taýýarlyklara harbylar, esgerler we döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri hem gatnaşdyrylýar.

Aşgabatly býujet işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, daňdan ukudan galyp, öýläniň yssysyna çenli ýöriş türgenleşiklerine gatnaşmaly bolýanlaryň arasynda häkimiýetlere sögünip, öz nägileligini beýan edýänler hem bolýar.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň häkimliginden, şeýle-de Jemagat hojalygy müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Aşgabatda Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyklar 5-nji awgustda geçirilip başlandy. Şonda habarçylarymyz bu çärelere býujet işgärleriniň we talyplaryň mejbury gatnaşdyrylýandygyny habar berdiler.

30-njy awgustda Balkanyň medeniýet işgärleri we esgerleri hem, Garaşsyzlyk güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine we harby parada gatnaşmak üçin, paýtagta ugradylyp başlandy.

Balkanly medeniýet işgärleri tas 30 günläp, öz maddy serişdeleriniň hasabyna, paýtagtyň myhmanhanalarynda bolmaly edildi. Şonda habarçymyz mejbury çärä gatnaşmakdan boýun gaçyran balkanly medeniýet işgärleriniň 10-dan gowragynyň wezipesinden boşadylandygyny hem aýtdy.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine her ýyl iki aý çemesi öňünden taýýarlyk görlüp başlanýar. Oňa býujet işgärleri, esgerler, talyplar, okuwçylar, çagalar baglarynyň körpeleri gatnaşdyrylýar. Çärelere gatnaşmakdan boýun gaçyran býujet işgärlerine, talyplara okuwdan we işden çykarylmak howpy abanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Sosial ulgamlarda prezidente ýüzlenýän türkmenistanlylar köpelýär, MHM mylakatly’ düşündiriş işlerini geçirýärler
Marynyň obalaryna gaz we elektrik kadaly berilmeýär, şäherlerde ýyladyş ulgamlary kadaly işlemeýär
Marynyň häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň biriniň saparyna taýýarlanýar
Marynyň häkimiýetleri ýowar geçirip, howpsuzlygy güýçlendirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar
Lebap G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar
Maryda býujet işgärleriniň gatnaşmagynda köpçülikleýin ýowar geçirildi