
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde şanly 140 ýyllygyny belleýän Doganlaşan Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilmegi mynasybetli tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi. Bu çärä ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimow gatnaşdy.
Çäräniň barşynda doganlaşan Aşgabat we Albukerke şäherleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň başlygy Alana Makgratonyň hem-de bu komitetiň esaslandyryjysy we ilkinji ýolbaşçysy Salli Elis Tompsonyň türkmen paýtagtynyň şanly senesi mynasybetli wideogutlaglary diňlenildi.