Aşgabat-Ahal aralygynda jemgyýetçilik transportyna ýolagçylar ençeme sagatlp garaşýarlar

Aşgabat-Ahal aralygynda jemgyýetçilik transportyna ýolagçylar ençeme sagatlp garaşýarlar

Paýtagtdan welaýatlara gatnaýan jemgyýetçilik awtobuslaryň we minibuslaryň sany azalyp, olaryň gatnaw tertibi seýrekleşipdir. Aşgabatdan Ahal welaýatynyň ýaşaýyş nokatlaryna barmak üçin ýolagçylaryň ençeme sagatlap garaşmaly bolýandygyny habarçylar gürrüň berýärler.

Şu günler Aşgabat säherinden Ahal welaýatynyň gündogaryna gatnaýan mikroawtobuslaryň sanynyň az bolanlygy üçin ýolagçylar ençeme sagatlap garaşýarlar, çykgynsyz ýagdaýa düşen ýolagçylar geçip barýan hususy awtoulaglary saklamaga-da synanyşýarlar diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 12-nji noýabrda habar berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, paýtagtyň esasy köçeleriniň biri bolan Gurbansoltan eje köçesinde Mary welaýatyna tarap gidýän ýolyň gyrasynda erkekleriň we zenanlaryň geçip barýan ulaglara el galdyryp duranyny şu günler has köp görse bolýar.

Paýtagtdan Ahal welaýatyna gatnaýan jemgyýetçilik transportunyň seýrekleşmeginiň sebäpleri barada resmi düşündiriş bolmady. Emma Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, gatnaýan awtobuslaryň arasyndaky interwalyň uzamagy ulaglaryň sanynyň azalmagy bilen bagly

"Awtokombinat - Ak bugdaý, Awtokombinat - Magtymguly we Awtokombinat - Ýaşlyk ýaly aralyklarda gatnaýan mikroawtobuslaryň sany olaryň her aý hatardan çykýandygy sebäpli gatnaýan ulaglaryň sany kemelýär we gatnaw tertibiniň interwaly artyar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar.

Habarçylaryň we paýtagt ýaşaýjylaryň sözlerine görä, minibuslaryň öň her ýarym sagatdan biri gatnan bolsa, häzir bir sagatda bir minibus gatnaýar. Bur awtoulagyň içinde diňe 14 adama ýer bar.

Aşgabadyň käbir awtobus duralgalarynda garaşy duran ýüzlerçe ýolagçyny görse bolýar.

Jemgyýetçilik transportynyň ýetmezçiligi ýolagçylary taksi tutmaga ýa-da geçip barýan hususy awtoulaglary saklamaga mejbur edýär. Emma habarçymyzyň bellemegine görä, goşmaça maddy çykdajylar her kime elýeterli däl.

Türkmenistanda transport problemasy ýurduň ähli ýerlerinde ýüze çykýar. Awtobuslaryň we minibuslaryň gatnaýan wagty düşündirişsiz üýtgedilýär, käbir marşrutlar ýatyrylýar. Transport hyzmatlary gymmatlaýar.

Paýtagtda ýagdaý welaýatlara garanda ganymat hasaplanýar.

Sentýabrda Türkmenbaşyda awtobus gatnawlary seýrekleşdi, munuň bilen bir wagtda döwlet taksileriniň ýol kireýleri 60% gymmatlady.

Awgustda Tükmenabatda awtobuslaryň nyrhy 5 esse gymmatlady. Şonda ýerli ýaşaýjylar bu şäherde awtobuslaryň ýol kireýleriniň bir manatdan bäş manada çykarylandygyny hem-de şäheriň esasy ýollarynda awtobus gatnawlarynyň sanynyň azaldylandygyny gürrüň beripdi.

Tomus aýlarynda transport pudagynyň işgärleriniň aýlyklary kemeldilipdi. Aşgabadyň ulaglar agentliginiň şäheriň içinde ýolagçylary gatnadýan kärhanasynyň ofis işgärleriniň aýlyklary 30% çemesi azaldylyp, 1800 manatdan 1200 manada düşüpdi.

Şonda habarçylar şu ýylyň başyndan bäri awtobus sürüjileriniň tabşyrmaly puly köplenç tabşyryp bilmän, aýlygynyň örän ujypsyz bolandy sebäpli köpçülikleýin işden çykyp, ençeme awtobusyň şu güne çenli sürüjisiz durandygyny ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdypdy.

Şeýle-de ýirtda ýygy-ýygydan ýüze çykýan benzin gytçylygy tranportyň işini bökdeýär. Soňky ýyllarda benzin gytçylygynyň güýçlenen wagtynda welaýat merkezlerinde köçelerde awtoulag gatnawy seýrekleşip, hem hususy, hem-de jemgyýetçilik transportynyň sanynyň azalandygyny habarçylar aýdypdy.

Türkmen resmileri hem habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik transportynyň hyzmatlaryndaky bökdençlikleri we ilatyň durmuşyna ýetirýän täsirlerini agzamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Taýlantda okuwçylary daşaýan awtobus ýandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Lebapda otly, uçar biletleriniň gytçylygy emele geldi
Diňle: Lebapda otly, uçar biletleriniň gytçylygy emele geldi
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
Uzaga çeken çabga sebäpli Aşgabady we töwereklerini suw basýar