“Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýapylyş dabarasy uly şowhun bilen geçirildi

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýapylyş dabarasy uly şowhun bilen geçirildi

27-nji sentýabrda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy uly şowhun bilen geçirildi.

Dabara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah bilen bir hatarda, dürli ýurtlaryň döwlet resmileri, sportsmenler we on müňlerçe tomaşaçy gatnaşdy.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň maglumatynda dabaranyň başynda şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň çykyş etmeginiň yz ýany, prezident Berdimuhamedowyň “Aşgabat - 2017” oýunlaryny ýapyk diýip yglan edendigi we oýunlaryň on günläp ýanyp duran alawynyň öçürilendigi habar berildi.

Munuň yz ýany, dabarada ýerli we özbegistanly aýdymçylar bilen bir hatarda, Orsýetiň Nýuşa, Liwanyň Elissa, Türkiýäniň Mustafa Sandal, Beýik Britaniýanyň John Newman ýaly tanymal sungat işgärleri çykyş etdiler.

Italiýanyň “Balich Worldwide Shows” kompaniýasy tarapyndan gurnalan şowhunly dabaranyň sagat 19:17 töweregi başlap, “Aşgabat - 2017” oýunlarynyň senasy hökmünde kabul edilen Berdimuhamedowyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym — Türkmenistan!” atly aýdymynyň ähli aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilmegi bilen sagat 23:10 töweregi tamamlandy.

Azatlygyň bu dabara gatnaşan paýtagtdaky çeşmeleri çäräniň geçiriljek ýerine tomaşaçylaryň eýýäm sagat 17:00 töweregi gelip başlandygyny, bu ýerde adamlaryň uly nobatlarynyň emele gelendigini aýdýar.

“Adamlar howpsuzlyk barlaglaryndan geçmek üçin baranda, dabaranyň geçýän ýerine mobil telefonlary, fotoapparatlary we wideo kameralary salmagyň düýbünden gadagandygyny bilip galdylar.Bu enjamlary bar bolan tomaşaçylary içeri salmadylar.

Bu gadagançylyk barada hiç ýerde bildiriş ýokdy, öňünden tele-radioda-da duýdurylmady.Bu gadagançylyk adamlaryň köpüsini lapykeç etdi.Käbir adamlar mobil telefonlary saklamak üçin daşarda galmaly boldy” diýip, Azatlygyň adynyň agzalmazlygyny soran söhbetdeşi gürrüň berdi.

Azatlygyň paýtagtdaky başga bir çeşmesiniň tassyklamagyna görä, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýapylyş dabarasy döwründe bu çäräniň golaýyndaky seýilgählere, şol sanda “Garaşsyzlyk” seýilgähine, “Nesimi” seýilgähine we Ýunus Emräniň ýadygärligi oturdylan seýilbaglara adamlar hiç hili goýberilmedi.

Resmi habarda “Aşgabadyň bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelip, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň merkezi, parahatçylyk dörediji şäher hökmünde asylly ýörelgäni ýerine ýetirendigi” nygtaldy.

Şol wagtyň özünde, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň bu oýunlara sarp eden maliýe serişdesi barada kelam söz aýdylman gelýär.

Ýatladyp geçsek, bu oýunlara görülýän taýýarlyklar döwründe, müňlerçe adamyň ýaşaýyş jaýynyň ýykylandygyny we jaýy ýykylan adamlaryň aglabasyna henize çenli degerli kompensasiýanyň berilmän gelýändigini, Azatlygyň ýerli çeşmeleri habar beripdiler.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar Aşgabatdaky we onuň töweregindäki hususy jaý eýeleriniň oýunlaryň öňünden köp sanly haksyzlyga, emläk hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagyna sezewar edilendigini aýtdylar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda, “Türkmen inisiatiwasy” topary we “Human Rights Watch” guramasy Aziýanyň Olimpiýa Geňeşini, ,“Aşgabat - 2017” oýunlaryny gurnaýjy guramany Türkmenistana adam hukuklary babatda öz üstüne alan borçnamalaryny ýatlatmaga çagyrdylar.

“Aşgabat - 2017” oýunlaryna gabatlap, türkmen paýtagtynda täze halkara aeroporty we 150 gektar meýdany tutýan Olimpiýa şäherçesini guran Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň resmi websaýtynda berilýän maglumatlara görä, türkmen hökümeti diňe şu gurluşyklar üçin azyndan 7,3 milliard amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini harçlady.

Resmi maglumata görä, 17-27-nji sentýabry aralygynda geçirilen , “Aşgabat - 2017” oýunlarynda Türkmenistanyň türgenleri medallaryň sany boýunça birinji orny eýelediler.Türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň umumy sany 245-e ýetdi.

Olaryň 89-sy altyn, 70-si kümüş we 86-sy bürünç medallardyr.Bu oýunlarda Hytaý halk respublikasy 42, Eýran yslam respublikasy 36, Gazagystan 28, Özbegistan 24 we Taýland 21 altyn medala eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

27.09.2017 | Olimpiýa stadionynda V Aziadanyň ýapylyş dabarasy boldy
Germaniýada Kanslerlige iň meşhur dalaşgär
Türkmen aktiwisti Mälikberdi Allamyradow: kanuny bozmandygym deliller bilen subut edildi
Mary: Daşary ýurtlarda bilim alýan studentleriň ene-atalary geçirimler bilen bagly arz-şikaýat bilen häkimlige bardy
“Bir günde iki hoş habar”: Russiýadaky türkmen aktiwistleriniň işlerindäki soňky özgerişler