Aşgabat-140 ýyl: halkara ylalaşdyryjy, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk merkezi

Aşgabat-140 ýyl: halkara ylalaşdyryjy, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk merkezi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň esasy maksady dünýäniň döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary hem-de abraýly halkara guramalary bilen oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde jemlenýär.

Häzir Aşgabatda yzygiderli esasda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň we edaralarynyň birnäçesi BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirlik, BMG-niň Ilat gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy we beýlekiler işleýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda uly waka boldy.

Bu merkeziň Milletler Bileleşiginiň sebitdäki öňdebaryjy ygtybarly wekilhanasy hökmünde özüni görkezen düzümleriň hatarynda deňi-taýy ýokdur.Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda dürli ýyllarda döwrüň möhüm meseleleri girizilen iri halkara maslahatlaryň birnäçesi geçirildi. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa we Hazar basseýni döwletleriniň ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça halkara maslahaty, “BMG-niň Merkezi Aziýadaky ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli halkara maslahaty”, “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly ýokary derejeli halkara maslahaty, Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat, Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahaty (RECCA VII) we beýlekiler bar. Ýurdumyz BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasyny Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy, Halkara migrasiýa baradaky guramanyň agzasy bolmak bilen, bu çylşyrymly ählumumy meseleleriň çözülmegine goşant goşýar.

Bu bolsa Aşgabatda geçirilen “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahatda hem-de Migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça halkara maslahatda beýanyny tapdy.Soňky wagtda Türkmenistanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň we Ýakyn Gündogar döwletleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdi. Ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraply gatnaşygy netijeli ösdürilýär.

Munuň şeýledigine bilim, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýet, suw serişdelerini dolandyrmak, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak, adam hukuklaryny üpjün etmek ulgamlarynda amala aşyrylýan hem-de durmuşa geçirilýän onlarça bilelikdäki taslamalar we maksatnamalar şaýatlyk edýär.

Aşgabat GDA-nyň möhüm duşuşyklaryny we maslahatlaryny, şol sanda döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlislerini ençeme gezek kabul etdi.Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň umumy ykdysady we ynsanperwer giňişligini döretmäge gönükdirilen tagallalar edilýär.

Bu guramada Türkmenistan şu ýyl başlyklygy kabul etdi. Şöhratly senä—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu ýylda Aşgabatda dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmak maksatlarynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bagyşlanylan ýokary derejeli halkara maslahatyny guramak meýilleşdirilýär, şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammiti, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti, daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda beýleki halkara maslahatlar geçiriler.

Umuman, bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de döredijilik mazmunyny aýdyň häsiýetlendirýär.

More related articles

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa Hytaý sammitine gatnaşdy
Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidenti daşary syýasy strategiýanyň amala aşyrylyşy boýunça iş maslahatyny geçirdi