Aşgabatda ýene-de ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiligi köpçülikleýin kesildi. Şäher merkezindäki köp adamly etraplaryň ýaşaýjylary, iki gün töweregi kwartiralar suw bilen yzygiderli üpjün edilmedi. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary bu barada 16-njy iýundan bäri habar berýärler.
Paýtagtyň merkezindäki "Parahat" etrapçalarynda 15-nji iýundan 16-njy iýuna geçýän gije suw bolmady, soň irden 10-da iki sagada golaý wagtlap suw boldy we ýene kesildi. "Indi suw ýok. Düşnüksiz bir zat bolup geçýär. Zapaslar gutaryp barýar, çüýşelere gaplanan agyz suw bar, emma hojalyk zerurlyklary üçin suw ýok" - diýip, habarçymyz şol gün günortan habar berdi.
Habarçy "Parahat" etrapçalarynyň birinde golaý töwereklere aýlanyp görendigini, ýöne hiç ýerde suw daşaýjy awtoulagyň göze ilmändigini we adatça bolşy ýaly suwuň getirilmegine garaşyp duran adamlaryň ýokdugyny aýtdy: "Daşarda oturan goňşular hem suwuň getirilmändigini aýtdylar. TW ýa-da SMS arkaly hem hiç hili bildiriş bolmady".
Şol aralykda, başga bir habarçy 11-nji etrapçada, şeýle hem "Parahat"etrapçalarynda suw üpjünçiligi ulgamynyň kesilendigini habar berdi. "Käbirleriň 16-njy iýunyň ir sagatlaryndan bäri suwy ýok, beýlekilerde öten agşamdan bäri suw ýok. Dispetçer hyzmatlary telefon jaňlaryna jogap berenok. Öýümizde gysga wagtlyk suw berdiler, ýöne ol hapady. Indi suw asla ýok" diýip, habarçy 16-njy iýunda günortan gürrüň berdi.
Habarçylaryň sözlerine görä, 30-njy etrapçada we şäheriň günbataryndaky etraplarda suw bolmandyr, ýöne "Hitrowka" diýlip atlandyrylýan etrabyň ýaşaýyş jaýlarynda suw bolupdyr.
Agşam habarçylar suw üpjünçilikdäki kemçiligiň sebäbiniň Anewde tapylandygyny, şähere suw getirýän esasy turbanyň ýarylandygyny habar berdiler. Bejeriş işleri bütin gün dowam edipdir.
Käbir etraplaryň suw üpjünçiligi 16-njy iýunda giç agşam sagat 23: 00-de dikeldilen bolsa, beýleki etraplaryň ýaşaýjylarynyň öýlerine suw 17-nji iýunda irden berlipdir.
"Suw ir sagat 8 töweregi berildi.Onuň reňki garady, içinde çäge bardy.Suwdan palçygyň we motor ýagynyň ysyna meňzeş ys gelýärdi.Onuň içinde ýagyň özüniň-de bolmagy mümkin, ony gapda galýan yzlardan görmek mümkindi.
Turbalar henizem ýuwulýar we hapa suwuň mukdary peselýänçä, arassa we yssyz suw gelýänçä ony akdyrmaly bolar.Biz suwy kanalizasiýa akdyrýarys" - diýip, Azatlygyň habarçysy 17-nji iýunda aýtdy.
Birnäçe sagatdan soň habarçy suwuň hiliniň birneme gowulaşandygyny habar berdi. Onuň ugradan suratlarynda suwda henizem çäge garyndysynyň bardygy, ýöne biraz duralandygy görünýär.
Bu aralykda, suw üpjünçiligi täzeden dikeldilenden soň, Aşgabadyň dürli ýerlerinde suwuň hili tapawutlandy. Käbir etraplarda arassa suw berlipdir.
Emma habarçylaryň sözlerine görä, käbir ýerlerde suw berilmändiler. Hususan-da, 17-nji iýunda 11-nji etrapçada günüň birinji ýarymynda ähli öýlerde suw bolmandyr.
"Mysal üçin, Oguzhan köçesinde 14/1 we 14/2-de henizem suw ýok.Suw öňňün 15-nji iýunda kesildi.Awariýa bolmazdan ozal hem bu ýerde suw günaşadan berilýärdi.
Bu sebit KIA merkeziniň golaýynda ýerleşýär, ol köp ýyl bäri suw üjünçiliginde kynçylyk çekýär, uly turbadaky kemçilikler bolmazdan ozal, onuň ähli suw üpjünçilik ulgamy "eleme deşik".Turbalar agaç çeňňekler bilen bejerilýär, olary posly deşiklere çümdürip, deşikleri ýapýarlar.
Geçen ýyl ýerasty turbalaryň üstünden gurlan lýuklaryň biri asfalt bilen örtüldi, soň ony gaýtadan döwüp açmaly boldular" - diýip, habarçymyz 17-nji iýunda ir sagat 11 töwreginde habar berdi.
Onuň sözlerine görä, ýaşaýjylar muňa gaty gaharlanýar we suw üpjünçiligini tertibe salmagy, çüýrük turbalary çalyşmagy talap edýärler.
"Parahat-7 -niň täze etraplary, bar bolan mümkinçilikler hasaba alynmazdan we könelen ulgam çalyşmazdan, 11-nji etrapçanyň suw turbalaryna birikdirildi. Her tomus birmeňzeş ýagdaý ýüze çykýar. Awariýanyň nirede döräp biljegini hiç kim aýdyp bilmeýär. Bu düýpli bir problema" - diýip, habarçy aýdýar.
Türkmen paýtagtynyň ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiligi tomsuň başyndan bäri hasam gowşady. Ýaşaýyş jaýlarynda suw gijelerine ýygy-ýygydan kesilýär, gündizlerine gelýän suwuň basyşy köplenç gowşak, suwuň hili bolsa pes bolýar.
8-nji iýunda ýurduň hökümeti suw üpjünçiligi meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Döwlet metbugatyna görä, prezident Amyderýanyň we Garagum kanalynyň ugurlaryny gözden geçirmegi, şeýle hem suwy süýjediji zawodlaryň gurluşygyna we Hazar deňzinden Aşgabat şäherine suw getirmek mümkinçiligine garamagy tabşyrdy.
Halkara guramalary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda suw ýetmezçiliginiň has agyrdygyna, emma şonuň bilen birlikde suwuň aşa sarp edilýändigine ünsi çekýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krisiz derejesine ýetendigini mälim etdi. Şol bir wagtyň özünde halkara guramasynyň hasabatynda yssy howaly Türkmenistanyň ilatynyň agyz suwunyň ýetmezçiliginden kösenýändigi bellenýär.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.