Aşgabatda çörek nobatlary satuwdan esli wagt öň, ir sagat 3-de başlanýar. Şu günler şäheriň hemme ýerinde garaňkyda çörek dükanlarynyň öňünde çörek satyn almak mümkinçiligine garaşyp duran adamlary görüp bolýar. Çörek satylanda aljyraňňylyk we basa-baslyk döreýär.
Türkmenistanyň paýtagtyndaky döwlet dükanlarynyň daşyndaky nobatlar ýary gijeden soň sagat 3:00-de başlanýar. Ýygnananlar çörege garaşýarlar. Çörek irden 5-de satylyp başlanýar.
Azatlygyň habarçylarynyň Aşgabatdan ugradan wideo ýazgylarynda ýüze golaý adamlyk nobatlary, şol sanda ulularyň we çagalaryň durandygyny görüp bolýar. Dükanlaryň girelgesinde garaňkyda emele gelen üýşmeleňlerde adamlar itekleşýär, hüňürdili, nägilelikli, dawaly sesler eşidilýär. Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň howpsuzlygyny goramak maksady bilen bu wideolary çap etmekden saklanýar.
Çörek nobatlarynyň birinde dükanyň öňünde duran polisiýa işgäri goşmaça güýç soramak üçin gidýär.
"Adamlar aç bolanda polisiýa bu ýagdaýda az kömek edip biler. Açlyk adamlary nobatlarda durmaga iterýär" -diýip Azatlygyň habarçysy gören ýagdaýyny gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, çörek nobatynda ejirsiz bolmaýar. Käte duranlar ownuk şikes alýarlar.
Habarçylaryň sözlerine görä, çörek ýetmezçiligi we dükanlardaky nobatlar täze ýyl baýramçylygyndan soň artdy.
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary indi çörek satyn almak üçin gijelerine dükanlara gidýärler. Ir garaňkyda adamlar eýýäm nobata durýarlar.
Döwlet dükanlarynda her adam başyna üç sany buhanka çöregi her biri 60 teňňen satýar. Täjirçilik dükanlarynda çöregiň bahasy birnäçe esse ýokary bolup, her biri 4 manatdan satylýar.
Azyk önümlerini subsidirlenen bahalardan satmak düzgüni Türkmenistanda uzak wagt bäri bar, ýöne döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan azyk önümlerine ilat arasynda bolan islegler soňky ýyllarda güýçlendi.
Ençeme sagada çekýän çörek nobatlarynda aşgabatlylar bir-biri bilen öz meselelerini paýlaşýarlar we gün görüşi barada gürleşýärler.
“Nobatda duran bir aýal, oglunyň ikinji topar maýypdygyny aýtdy.
Mundan öň maýyp ýigide subsidirlenen azyk önümleriniň belli bir mukdary aýratyn paýok gönüşinde berilýärdi we ol hassahanada mugt bejergi alýardy. Indi bolsa, onuň aýratyn azyk paýy ýatyrylypdyr"-diýip, Azatlygyň habarçysy söhbetdeşiniň ýagdaýy barada gürrüň berýär.
Maýyp oglanyň ejesi, maýyplara sosial goldaw hökmünde geýim bermegiň we pensiýa pulluny öýe getirmegiň göz öňünde tutulandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, berilýän eşikler gaty köne, emma hut şony almak üçin hem öňünden baryp hasaba durmaly bolýar. Pensiýa henizem öýe getirilýär, ýöne sosial üpjünçilik işgärine bu hyzmat üçin goşmaça tölemeli bolýar. Pensiýanyň öýe eltilmegi üçin her aýda 5 manat tölemeli.
Ykdysady krizisiň dowamynda ilatyň aglaba köplüginiň durmuş derejesi birden peseldi. Gitdigiçe köp adamyň girdeji çeşmelerinden mahrum bolýan döwründe häkimiýetler döwletiň ilatyň ejiz gatlagyna berýän sosial üpjünçiligini we goldawyny ýatyrýar.
Türkmenistanyň hökümetiniň ykdysady krizisi görmezlige salmagy, garyplygyň artmagyna sebäp boldy. Çagalaryny ekläp bilmeýän maşgalalaryň öz perzentlerini internatlara tabşyrýan pursatlary köpeldi.
Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, koronawirus pandemiýasynyň fonunda işsizlik hasam artdy, öýsüz-öwzarsyz adamlaryň, ten satmak işine baş goşýan aýallaryň, zibil dörýän adamlaryň we dilegçileriň sany göz-görtele köpeldi. Şeýle hem ogurlyk, talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlaryň sany ep-esli artdy.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.