Aşgabadyň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň mejlisi geçirildi

Aşgabadyň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň mejlisi geçirildi

20-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda gibrid formatda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan Aşgabat şäheriniň we onuň dostlukly-doganlykly şäherleriniň häkimleriniň halkara mejlisi geçirildi.

Çäräni Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory P.Orazow açdy.Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow Aşgabat-siti binagärlik taslamasy, Aşgabadyň baý taryhy barada gysgaça gürrüň berdi.Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow öz çykyşynda Aşgabat şäheriniň Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi barada aýratyn nygtady, şeýle-de Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen desgalar barada aýdyp berdi.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çärede Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäheriniň häkiminiň orunbasary S.Sidigi, Baku şäheriniň häkimi E.Aziz ogly Azizow, HHR-iň Lanjou şäheriniň häkimliginiň Halk hökümetiniň Baş sekretary Zh.Çenghu, Daşkent şäheriniň häkimi J.Artykhojaýew, Nur-Sultan şäheriniň häkiminiň orunbasary E.Kizatow, RF-niň Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar baradaky agentliginiň başlygynyň w.ý.ý.

A.Aýdin, Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň daşary aragatnaşyklar boýunça Komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew, Moskwa şäheriniň daşary ykdysady we halkara aragatnaşyklar boýunça departamentynyň başlygynyň orunbasary O.Şutenko çykyş etdiler.

Mejlise gatnaşyjylar ABŞ-nyň Albukerke şäheriniň häkimi T.Kelleriň, Ýaponiýanyň Tendo şäheriniň häkimi S.Ýamamotonyň, Ankara şäheriniň häkimi M.Ýawaşyň, Bişkek şäheriniň häkiminiň orunbasary W.Mozgaçýowanyň wideoýüzlenmesini hem diňlediler.

Mundan başga-da çärä Kişinýow, Pekin, Stambul, Wena, Ýerewan şäherleriniň häkimleri gatnaşdylar.Mejlise gatnaşyjylar türkmen paýtagtynyň ýeten sepgitleri hakynda wideorolige tomaşa etdiler.

Ýene degişli makalalar

СОСТОЯЛОСЬ МЕЖДУНАРОДНОЕ ЗАСЕДАНИЕ МЭРОВ ДРУЖЕСТВЕННЫХ ГОРОДОВ И ГОРОДОВ-ПОБРАТИМОВ АШХАБАДА
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen bardy
Gazagystan ýurduň paýtagtynyň öňki Astana adyny dikeltdi
Gazagystanyň paýtagtynyň ady üýtgediler