Aşgabadyň transport we jemagat gulluklarynda işgärleriň aýlyklary kemeldilýär

Aşgabadyň transport we jemagat gulluklarynda işgärleriň aýlyklary kemeldilýär

Türkmenistanda döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň birnäçesinde işgärleriň aýlyklary azaldylýar. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, işgärleriň zähmet haklarynyň kemeldilmegine Aşgabadyň jemgyýetçilik transportyna we jemagat gulluklaryna degişli edaralaryň, şeýle-de Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň işgärleri sezewar edilipdir.

Aşgabadyň ulaglar agentliginiň şäheriň içinde ýolagçylary gatnadýan kärhanasynyň ofis işgärleriniň aýlyklary 30% çemesi azaldylypdyr. Habarçylaryň sözlerine görä, ozal 1800 manada barabar bolan aýlyk 1200 manada düşüpdir.

Bu edarada aýlyklaryň azaldylmagy üpjünçilik bölüminiň, tehniki howpsuzlygy bölüminiň we kadrlar bölüminiň işgärlerine degişli diýip ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdýar.

Çeşmeler kärhananyň ýolbaşçylarynyň aýlyklarynyň azaldylmandygyny, awtobus sürüjileriň zähmet hakynyň hem üýtgemändigini belleýärler. Sürüjileriň aýlyklary olara kesgitlenen plana görä hasaplanýar.

"Sürüjileriň aýlyk haky her günki meýilnama boýunça tabşyrmaly puluna bagly. Meýilnamadaky kesgitlenen puly tabşyran sürüjiniň aýlygy 2000 manatdan geçýär. Emma plany dolduryp bilmedik sürüjileriň aýlygy 1300 - 1400 manat aralygynda çykýar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen pudak resmisi aýdýar.

Awtobus türkmen paýtagtynda hereket edýän ýeke-täk jemgyýetçilik transporty. Şeýle-de bolsa, şu ýylyň başyndan bäri awtobus sürüjileriniň tabşyrmaly puly köplenç tabşyryp bilmän, aýlygynyň örän ujypsyz bolandy sebäpli köpçülikleýin işden çykyp, 50 golaý awtobusyň şu güne çenli sürüjisiz durandygyny ýagdaýdan habarly çeşme aýdýar.

Mundan öň Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen awtobus sürüjileri ulaglaryň könedigini we tehniki taýdan näsazdygyny aýdypdy. Olar awtobuslary Aşgabadyň köçelerindäki transport akymynda kyn şertlerde dolandyrmaly bolýandygyny belläp, şu sebäpden sürüji bolmaga islegleriň azdygyny we kärhanada awtobus sürüjileriniň ýiti ýetmezçiliginiň saklanýandygyny gürrüň beripdi.

"Awtobus sürüjileri öz islegleri boýunça arza ýazyp, köpçülikleýin işden çykyp, daşary ýurtlara işçi migrant bolup çykýarlar. Çykyp bilmedikler ýurtdan çykmaga synanyşýarlar" diýip, aşgabatly sürüji adyny agzamazlyk şerti bilen gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçylary maý aýynda paýtagtyň hojalyk hasaplaşygyndaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň awtobuslaryň hatardan çykmagy we sürüjileriň ýetmezçiligi ýaly problemalar sebäpli, şäherde ýolagçy gatnawlaryny wagtly-wagtynda berjaý edip bilmeýändigini habar beripdi. Şonda ýurduň ulag we aragatnaşyk ulgamyndan habarly bir çeşme ýolagçy kärhanasynda awtobuslaryň ätiýaç şaýlarynyň çalşyrylmagyny sürüjileriň üstüne ýüklenendigini we munuň köpsanly sürüjiniň işden çykmagyna sebäp bolandygyny aýdypdy.

Häkimiýetler pudakdaky problemalary agzamaýarka hökümetçi mediada awtobus sürüjilerine iş hödürlenýändigi barada habar berildi.

"Türkmenportal" neşrinde çap edilen bildirişde “Awtomobil Ulag Hyzmaty” kärhanasynyň tejribeli awtobus sürüjilerini Türkmenistanyň paýtagtynda işlemäge çagyrýandygy aýdyldy. "Üstünlikli dalaşgärler Toyota we Hyundai awtobuslarynda işlärler" diýlip, maglumatda aýdylýar.

Şu günki gün Aşgabadyň transport kärhanasynda zähmet çekýän işgärleriň aýlyklarynyň kemeldilmegi olara maddy agram salýar. Emma başga mümkinçiligi bolmadyk adamlar işini ýitirmekden howatyrlanyp, nägilelik bildirmeýärler. Bu barada ýagdaýdan habarly çeşme gürrüň berdi.

Işgärleriň zähmet haklarynyň azaldylmagy paýtagtyň diňe transport ulgamy bilen çäklenmedi, eýsem Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň we jemagat hojalygynyň işgärlerine degdi.

Ýolbaşçylar buýrugyň ýokardan gelendigini işgärlere duýdurdylar diýip, habarçymyz şeýle diýýär: "Kärhananyň ýolbaşçylary kimde-kim aýlygyň kemelmeginden nägile bolsa, öz islegi boýunça arza ýazyp gitmegine garşy däldigini işgärlere ýatlatdylar. Olar bu buýrugyň ýokardan gelendigini aýdyp, özleriniň bu meselä dahylynyň ýokdugyny aýtdylar".

Jemagat hojalygy edaralarynda kadrlar bölüminde, üpjünçilik, kärdeşler arkalaşygy, guramaçylyk ugurlarynda işleýänleriň zähmet haky azaldyldy.

Azatlyk Radiosy paýtagtyň transport we jemagat gulluklarynyň ýolbaşçylaryndan resmi görnüşde teswir alyp bilmedi. Türkmenbaşy bankyndan hem jogap alyp bolmady.

Türkmenistanda ýylda döwlete degişli pudaklarda işgärleriň zähmet haklary 10% ýokarlandyrylýar. Bu barada resmileriň çykyşlarynda yzygiderleri yglan edilýär we döwlet mediasynda habar berilýär. Emma aýlyklaryň azaldylmagy, gijikdirilmegi, işgärleriň zähmet hakyndan dürli maksatlar üçin esli puluň yzygiderli görnüşde tutulmagy we iş orunlarynyň azaldylmagy barada resmi habarda aýdylmaýar.

Soňky ýyllarda ýurduň onlarça döwlet kärhanasynda, şol sanda ýurda esasy girdeji getirýän nebit-gaz pudagynda iş orunlary kemeldildi we müňlerçe adam işsiz galdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

AIW ýokançly adamlar 'ýekirilýän' Türkmenistanda olara medisina kömegini bermegiň tertibi tassyklandy
Diňle: AIW ýokançly adamlar 'ýekirilýän' Türkmenistanda olara medisina kömegini bermegiň tertibi tassyklandy
Türkmenistan Türkiýe bilen wiza režimini girizen badyna Stambula adaty uçar gatnawyny ýola goýdy
Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynda çapyksuwar heläk boldy
Lebapda şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy
Turkmenportal bilen BMGÖM-iň arasynda Ähtnama gol çekildi