Türkmenistanyň gowgaly owgan topraklarynyň üstünden Pakistana we Hindistana gaz ibermek planlarytürkmen gazynyň mümkin bolan alyjylara satyljak nyrhy bilen baglylykda täze kynçylyklara uçraýar.Azatlyk geçen ýylyň noýabrynda Pakistanyň “The Express Tribune” neşirine salgylanyp, Yslamabadyň türkmen gazynyň satyn alyş nyrhlaryny peseltmek üçin TAPI Pipeline Company Ltd (TPCL) kompaniýasy bilen söwdalaşjakdygyny habar beripdi.
Synçylar TOPH geçirijisiniň öňünde esasan howpsuzlyk we maliýe kynçylyklarynyň durandygyny aýdýardylar.Emma soňky döwürde Türkmenistanyň satjak gazynyň bahasy hakyndaky ylalaşmazlyklar has cynyrgap başlady.Pakistan metbugatynyň ýazmagyna görä, TOPH taslamasynyň iki sany esasy paýdary we geljekki gaz alyjysy Yslamabat we Nýu-Deli gaz geçirijiniň gurlup başlanmazyndan öň gaz bahasynyň arzanladylmagyny talap edýär.
Pakistan üçünji gün Türkmenistandan alynjak gazyň nyrhyny peseltmek hakynda gepleşiklere başlamak üçin bäş agzaly komitet döretdi.Bu karar häkimiýetler türkmen gazynyň Katardan we beýleki ýurtlardan satyn alynýan suwuklandyrylan gaza garanda has gymmat düşýändigi barada netijä gelenlerinden soň kabul edildi diýip, “Dawn” neşiri ýazýar. Şeýle-de Aşgabat bilen Yslamabadyň eýýäm gelýän aýda bahalar hakynda gepleşmek ylalaşygyna gelendigi habar berilýär.
Belki-de Pakistanyň yzyna eýerip, Hindistan hem özbaşdak türkmen häkimiýetlerine gaz nyrhlaryny arzanlatmak haýyşy bilen hat ýazdy.Pakistanyň Ministrler kabinetiniň Ykdysady utgaşdyryş komitetiniň üçünji gün bolan mejlisinde premýer-ministriň nebit meseleleri boýunça ýörite kömekçisi Nadim Babar TOPH taslamasy esasynda häzirki bellenen gaz nyrhlary Pakistan üçin düýpden ýaramly däl diýdi diýip, uly derejeli hökümet resmileri “Dawn” neşirine aýtdylar.
Türkmenistandan gaz import etmek kommersiýa taýdan mümkin hasaplanmaýar diýip, Ykdysady utgaşdyryş komitetiniň gepleşik topary aýdýar.Resmileriň sözlerine görä, jenapBabar Ykdysady utgaşdyryş komitetine türkmen gazynyň, eger geçiriji gurulsa we häzirki bellenen bahasyndan satylsa, Pakistana elýeterli bolan suwaldylan gazdan 5-10% gymmat düşjekdigini aýdyp, öz nägileligini bildiripdir.
Mundan başga, suwuklandyrylan gazyň söwdasy we şertleri, alynjak gazyň möçberini azaltmak-köpeltmek ýa söwdany bes etmek nukdaý nazaryndan hem alyjy üçin has amatly bolup durýar, emma gaz geçiriji gurlandan soň,ony 15-20 ýyllap taşlap bolmaýar, beýle geçirijiler taraplaryň öňünde uzak möhletli borçlary goýýar diýip, habarda bellenýär. Şu sebäpden, türkmen gazynyň bahasy suwuklandyrylan gazyň düşýän bahasyndan köp derejede arzan bolmasa, Pakistan bu taslamany durmuşa geçirmekden el çekmeli bolar.
Mundan öň Hindistan TOPH geçirijisiniň pakistan topraklaryndan geçmegi bilen baglylykda howpsuzlyk kepilligi aladasyny bildiren bolsa, synçylar onuň owgan topraklaryndan nähili geçiriljegini sorag astyna alýarlar.Soňky aýlarda Owganystanyň demirgazygyndaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň has ýaramazlaşandygy habar berilýär. Şu aralykda Türkmenistan ýurduň nebit-gaz pudagyndakyýagdaýyň öwerlik däldigini boýun aldy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň aýagynda geçiren mejlislerinde tassyklamagyna görä, ýurtdaýangyç öndürmek planlary ýerine ýetirilmeýär.Uzynlygy 1840 kilometrden gowrak bolan TOPH geçirijisiniň üsti bilen Türkmenistan, eger-de bu taslama amala aşsa, goňşy Owganystana, Pakistana we Hindistana ýylda 33 milliard kub metr gaz ibermegi meýilleşdirýär.
Mundan öň Türkmenistan gaz nyrhlary, töleg dawalary üstünde Orsýet, Eýran ýaly uly gaz alyjylaryny ýitirdi.Moskwa bilen aradaky gaz dawasy geçen ýyl belli bir derejede dikeldildi. Şol bir wagtda baha, nyrh ýa tölegler dawasynyň nähili çözülendigi aýdylmaýar.
Eýran bilen aradaky dawanyň nähili çözüljekdigi bolsabelli bolman galýar.