Aşgabadyň söwda merkezindäki 'arzan' geýim söwdasy polisiýanyň gatyşmagyna getirdi

Aşgabadyň söwda merkezindäki 'arzan' geýim söwdasy polisiýanyň gatyşmagyna getirdi

Paýtagtyň uly söwda merkezinde bahalary arzanladyş aksiýasy dawa-jenjelli ýagdaý döretdi we häkimiýetleriň gatyşmagy bilen tamamlandy. Geýim-eşik satýan dükanda 7-nji oktýabrda dörän ýagdaý barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary maglumat berdiler.

"Aşgabat moll" söwda merkezinde ýerleşýän we zenanlar üçin geýim satýan dükanda duşenbe güni yglan edilen arzanladyş aksiýasy söwdany janlandyrmak we satylman galan harytlardan dynmak üçin edilýän adaty söwda çäreleriniň biri bolan bolsa-da, alyjylarda garaşylyşyndan has uly gyzyklanma döredip, dükan eýeleri üçin uly meselä öwrüldi.

Dükanyň öňünde uly nobat döräp, nobatda duran adamlaryň sabyrsyzlygynyň dawaly ýagdaýlara sebäp bolandygyny ýagdaýa şaýat bolan çeşmeler gürrüň berdi.

"Arzanlaşyk barada eşiden zenanlar söwda merkezine irräkden gelip dükanyň öňünde nobata düzüldiler. Emma dükan açylyp, satuwyň başlanmagy bilen nobata duranlar her kim öz öňünden tanyş bilişini, garyndaşlaryny nobatsyz öňe geçirdiler. Bu adalatsyzlygy gören adamlar, güýç, güýç ýeteniňki diýleni edip, birek-biregini itişdirip, öňe geçmäge başladylar" diýip, bu ýagdaýa şaýat bolanlaryň biri öz görenlerini gürrüň berdi.

Nobat bulaşyp, duran adamlaryň arasynda dartgynlylyk has hem güýçlenipdir. Işgärler polisiýany çagyrmaga mejbur bolupdyr.

"Bäşden gowrak düzgün-tertibe seredýän gözegçi adamlary köşeşdirmegi başarman soň, polisiýa nobatçysyndan kömek soramaly boldy" diýip, ýene bir çeşme gürrüň berdi.

Söwda merkezindäki ýagdaýdan habarly çeşmeler polisiýa işgärleri gelip ýetişmänkä merkeziň administrasiýasynyň dükan satyjylaryna söwdany bes etmegi we dükany ýapmagy buýurypdyr.

"Satyjylar dessine dükany ýapdylar we müşderilere şu gün söwdanyň bolmajagyny aýdyp, nobatda duranlary dargatdylar" diýip, çeşme aýdýar.

Ýagdaýdan habarly çeşmeleriň sözlerine görä, dükan eýesiniň esasy maksady müşderileri çekmek we köpden bäri satylman galan egin-eşikleri geçginli bahadan satmakdy. Emma dörän ýagdaýa we onuň erbet netijesine hiç kim garaşmandy.

"Söwda merkeziniň ýolbaşçysynyň, dükanyň eýesiniň söwda merkeziniň administrasiýasyndan maslahatlaşman, arzan satuwy yglan etmeginden nägile bolandygy we söwda merkeziniň emlägine howp döredendigini hem-de jemgyýetçilik dartgynlygynyň döremegine sebäp bolandygy üçin dükanyň eýesiniň köp mukdarda jerime tölemeli boljagy barada mälim boldy" diýip, söwda merkezindäki ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.

Azatlygyň habarçylary 10-njy oktýabrda şol dükanyň ýapyk durandygyny habar berdiler.

Türkmenistanda arzanladylan harytlaryň söwdasy mydama uly nobatlaryň döremegine sebäp bolýar. Agyr sosial-ykdysady problemalary başdan geçirýän ýurduň ilatynyň arzan harytlara mätäçligine göz ýumýan döwlet resmileri şeýle ýagdaýlary düýpden agzamaýarlar.

Geçmeýän harytlaryň söwdasyny janlandyrmak üçin çäreleriň problema döredýän pursatlary öňem boldy.

Barha garyplaşýan ilat köpçüligi maddy ýagdaýyny gowulandyryp biljek umyt dörediji aksiýalara köp ýykgyn edýär.

Ýaňy-ýakynda Maryda ýerli önüm bolan gazly suwlaryň lotereýasynda awtoulag ýaly uly utuşlaryň wada berilmegi alyjylarda, esasan hem çagalarda uly höwes döredip, maddy taýdan agyr ýagdaýdaky hojalyklarda hem gatnaşmak höwesini öjükdirdi. Azatlygyň habarçylary käbir alyjylaryň öz azyk pullaryny boş sarp etmegi, çagalaryň öýlerinden pul ogurlamagy ýaly ýagdaýlaryň köpelendigini habar berdi.

Ondan öň Maryda jorap söwdasy bilen bagly aksiýa ýerli häkimiýetleriň lotereýalary gadagan etmegi bilen tamamlanypdy. 2022-nji ýylyň 15-nji awgustynda "Belent" söwda merkeziniň daşynda müňlerçe adam söwda nokady tarapyndan gurnalan lotereýa oýnunda özlerine wada berlen baýraklaryň çykmandygyna köpçülikleýin nägilelik bildirdi, şonda käbir raýatlaryň puly yzyna berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda adam başyna iki buhankadan köp satylmaýar, nobat köpelýär
Bossan Concept: arzuw edýän arçaňyzy arzan bahadan alyň
Arzan azyk erjellik edýär, towuk budy ýene 'gözden uçdy'
Maryda arzan çörek isleýänlerden ýany bilen köke satyn almak talap edilýär
Arzan süýji-kökeler we ýasama azyk bolçulygy: Baýramçylygyň öňüsyrasynda söwda janlanýar
BILDIRIŞ