Aşgabadyň ençeme seýilgähinde ýeterlik derejede ideg edilmeýändigi sebäpli, ýüzlerçe agajyň guraýandygy habar berilýär.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň aýtmagyna görä, Aşgabatda soňky bir ýylyň ýa-da ondan hem köpräk wagtyň dowamynda ekilen agaçlaryň guramagy bilen baglanyşykly ýagdaý, esasan-da, şäheriň “Garaşsyzlyk”, “Nesimi” seýilgählerinde we il içinde “2-nji park” we “3-nji park” diýlip atlandyrylýan dynç alyş baglarynda göze ilýär.
“Garaşsyzlyk seýilgähinde sanly ýylyň içinde 1000-1500 çemesi agaç gurady.Bu ýerde agaçlaryň guramak prosesi şu ýyl has-da artdy.Nesimi’ seýilgähindäki 300 töweregi agajyň hem ortaça bäşden biri gurady, ýene-de şonçaragy ýapragyny döküp otyr. 2-nji parkda’ we 3-nji parkda-da’ guran agaçlaryň sany hersinde 100-e golaýlaýar” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.
Ol bu agaçlaryň guramagyna ýeterlik derejede ideg edilmezliginiň we olaryň öz wagtynda suwarylmazlygynyň sebäp bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
Galyberse-de, Bugaýew ençeme million maliýe serişdesi sarp edilip ekilen agaçlara esewan edilmezligi hem onuň sebäpleri barada Aşgabadyň Kommunal hojalyk edarasynyň resmileri tarapyndan hiç hili maglumat berilmeýändigini, bu babatda ýaşaýjylaryň degişli döwlet edaralaryna edýän şikaýatlarynyň-da jogapsyz galýandygyny belledi.
Aşgabadyň etrapçalarynyň birinde onlarça ýyllap ösüp oturan agaçlar çapylyp aýrylandan soň, tekizlenen ýer
Aşgabatlylaryň ençemesi “şäheri abadanlaşdyrmak” işleriniň çäginde, öňden bar bolan saýaly agaçlaryň ýüzlerçesiniň çapylandygyny, üstesine, ýakynda ekilen agaçlaryň hem guramagy sebäpli, tomsuň jokrama yssy günlerinde kölegede dem-dynç almak isleýän adamlaryň agajyň saýasyna zar bolýandygyny aýdýar.
“Köçä çyksaň, hemme ýer diýen ýaly takyr, agaç ýok. Öň näme-de bolsa, her 100-200 metrden bir agajyň kölegesinde dem-dynç alyp bolýardy.Saýaly agaçlar çapylyp gutarany sebäpli, indi olam ýok. Şäheriň käbir ýerine agaç nahallaryny oturdýarlar diýseň, olaram idegsizlikden guraýar.
Hem pul ýele sowrulýar, hem-de ýaşaýjylaryň aladasyny edýän ýok” diýip, aşgabatly 58 ýaşyndaky Gülsona daýza aýdýar.
Aşgabadyň etrapçalarynyň birinde agaçlary çapýan döwlet işgärleri
Mundanam başga, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi şäherdäki agaçlaryň guramagyndan peýdalanyp, bu ýagdaýdan girdeji gazanýanlaryň hem bardygyny Kommunal hojalyk edarasynyň käbir işgärlerine salgylanyp gürrüň berýärler.
Aýdylmagyna görä, şäheriň Kommunal hojalyk gullugynyň ýa-da öý dolandyryş edarasynyň käbir resmisi guran agaçlary çapyp, olary odun hökmünde käbir restoranlara ýa-da hojalyklara gizlin ýollar bilen satýarlar.
Azatlyk Radiosy ýokarda agzalýan meseleler dogrusynda, Aşgabat şäheriniň Kommunal hojalyk edarasy bilen habarlaşanda, bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Bu barada Türkmenistanyň media serişdelerinde hem ilat köpçüligine häzirlikçe hiç hili maglumat berilmeýär.
Aşgabadyň etrapçalarynyň birinde onlarça ýyllap ösüp oturan agaçlar çapylyp aýrylandan soň, tekizlenen ýer
Türkmen häkimiýetleri indi 20 ýyla golaý wagt bäri ýurtda her ýyl 3 million çemesi agaç nahalyny ekýärler. Esasan arça agaçlaryň aglaba böleginiň Aşgabatda we onuň töwereginde oturdylýandygy, emma olaryň müňlerçesiniň boý alman, köplenç guraýandygy aýdylýar.
Mundanam başga, resmi çäreleriň çäginde, ýagny Aşgabady “abadanlaşdyrmak işleriniň” dowamynda, soňky birnäçe ýylda onlarça ýyllap ösüp oturan ýaprakly agaçlaryň müňlerçesi çapyldy.