Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda iki gatly kotež jaýlar ýykylýar

Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda iki gatly kotež jaýlar ýykylýar

Aşgabat şäherinde günorta-gündogarlygyna uzap gidýän Ýunus Emre köçesiniň Parahat-7 etrapçasynyň çäginde ýerleşýän iki gatly kotež jaýlar ýumrulyp başlandy.

Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bu kotež jaýlar Aşgabadyň Saparmyrat Türkmenbaşy tekstil kompleksine degişli bolup, ýaşaýyş we ofis jaýlarydy, olaryň sany 20-den hem gowrak.

Şäherden Parahat-7 etrapçasyna barýan ýoly giňeltmek maksady bilen mundan 3 ýyl ozal bu köçede 20 ýyldan bäri ösüp oturan arça we beýleki saýaly baglary çapyp aýyryp, kotež jaýlaryň daşyndaky haýatlary jaýlara has golaý süýşürip, jaýlaryň hem durky täzelenipdi.

Get Adobe Flash Player

Embed code

Copy and paste the embed code below. The code changes based on your selection.

The code has been copied to your clipboard.

Video size

width

x

height

pixels

Aşgabatda kotežler ýumrulýar

Wideony paýlaş

https://www.azathabar.com/a/28837707.html

0:00:31

0:00:00

/0:00:31

Ýükle

270p | 1,4MB

360p | 1,8MB

720p | 3,9MB

Bu işler üçin döwlet gaznasyndan näçe serişde sarp edilendigi ilat köpçüligine mälim bolman galýandygyny aýdyp, Parahat-7 etrapçasynyň ýaşaýjysy Orazmyrat aga şeýle diýýär. “Iki-üç ýyllykda birgiden serişde sarp edilen, durky boýunça ulanmaga juda amatly bu jaýlaryň häzirki wagtda ýumrulmagyna daşyndan nebsiň agraýar.

Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda Türkmenbaşy tekstil kompleksiniň gurulmagy bilen bu kompleksi guran türk işewürleriniň maşgalalarynyň ýaşamagy üçin we käbir ofis jaýlary üçin niýetlenen iki gatly kotež jaýlaryň birnäçesi ozalrakdan ýumrulyp başlanypdy. Indi bolsa onyň galan bölegi hem ýumrulýar.

Daş-töweregindäki gurluşyklary synlasaň, bu edilýän weýrançylyklaryň ýerinde hem köp gatly beton jaýlar guruljaga meňzeýär. Emma ol köp gatly jaýlarda ilat köpçüligi mejbury ýaşamaly bolýarlar.”

“Tekstil komleksine degişli bu iki gatly kotež jaýlarda esasan türk işewirleriniň maşgalalary we tekstil komleksine degişli işgärleriň maşgalalary ýaşaýardylar. Ol ýerde birnäçe ofis jaýlary hem bardy. Olaryň nirä göçürilendigi belli däl. Ýöne ilaty gynandyrýan zat, bu kotež jaýlaryň weýran edilmegi. Bu kotež jaýlary juda amatly jaýlardy” diýip, Orazmyrat aga aýdýar.

“Ilata amatly jaýlary gurup bermäge derek, bar bolan amatly jaýlary ýumurmagyň nämä geregi bardy? Emeldarlaryň gözleri diňe ýumurmaga amatly zat gözleýäne meňzeýär” diýip, ýaşaýjylar öz gynançlaryny biri-biri bilen paýlaşýarlar.

Şol bir wagtda, bu kotež jaýlaryň 20 ýylyň dowamynda zähmet çekilip, ösdürilip ýetişdirlen gür arçalaryň arasynda ýerleşýändigine hem ýaşaýjylar ünsi çekýärler.

Kotež jaýlaryň ýumrulmagy bilen ýüzlerçe arça agaçlarynyň hem ýok edilýändigini, bu edilýän işleriň çydamsyz ýagdaýdygyny ýaşaýjylar nygtaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Prezident Berdimuhamedowyň 15-nji awgustda Orsýete sapar etmegine garaşylýar
Berdimuhamedow krizis döwründe kaşaňdan-kaşaň myhmanhana gurdurýar
Daşoguzda gök-bakja ekinleri gymmatlaýar, polisiýa söwdegärleri bazardan kowýar
Daşoguz welaýatynda ýene duzly tozan ýagýar
Berdimuhamedowyň kitaplary Moskwada baýraklara mynasyp boldy
Berdimuhamedowyň nobatdaky zehini’: awto-inženerçilik