Aşgabadyň mekdeplerinde Täze ýyl dabarasy üçin “owadan” çagalar saýlanyp alynýar

Aşgabadyň mekdeplerinde Täze ýyl dabarasy üçin “owadan” çagalar saýlanyp alynýar

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna ýarym aý galanda, Aşgabadyň häkimiýetleri munuň bilen bagly geçiriljek dabaralara gatnaşjak “owadan” çagalary saýlap alyp başladylar. Ene-atalaryň köpüsi häkimiýetleriň bu çärelerini çagalary kemsidip, olaryň psihiki saglygynda ömürlik yz galdyrjak “absurd” hereket häsiýetlendirýär. Çagalary saýlanan ene-atalar bolsa, dabara üçin ähli eginbaşlary satyn almaga mejbur edilýändiklerini aýdyp, aşa köp çykdajydan şikaýat edýärler.

“Aşgabadyň tas ähli orta mekdeplerinde kiçi synplaryň okuwçylarynyň arasyndan, her klasdan dört-bäş sany owadan’ oglan-gyzy saýlap alýarlar. Olar 30-njy ýa-da 31-nji dekabrda paýtagtyň baş arçasynyň öňünde, prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçiriljek Täze ýyl dabarasyna gatnaşmaly edilýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.

Täze ýyl dabarasyna gatnaşmaly edilen çagalar ýarym aý öňünden taýýarlyk çärelerine gatnaşmaly edilýärler. Bu döwürde çagalar her gün baş arçanyň ýanyna alnyp gidilýär. Olar sowuk howada, açyk meýdanda birnäçe sagatlap taýýarlyk çärelerine gatnaşdyrylýar. Çagalar ýörite goşgulary we aýdymlary ýat tutmaly edilýär. Olaryň käbirleri tans çykyşlaryny öwrenmeli bolýar.

Resmileriň öz sözleri bilen aýdanymyzda “owadan” çagalary saýlamak işiniň dowamynda käbir bilim işgärleriniň çagalara ýokuş sözleri aýtmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

“Käbir müdirler we olaryň orunbasarlary çagalara ellerini uzadyp, Bu betnyşan, sen beýläk geç. Seniň burnuň uly. Seniň gözüň kiçi’ ýaly kemsidiji sözleri ulanýarlar. Bu çagalaryň köpüsi kemsinýär. Olaryň arasynda çydaman, aglaýanlary hem bolýar” diýip, aşgabatly mugallymlaryň biri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ene-atalaryň köpüsi häkimiýetleriň bu çärelerini çagalary kemsidip, olaryň psihiki saglygynda ömürlik yz galdyrýandygyny aýdýar. Şeýle-de, olar muny “absurd” hereket häsiýetlendirip, bu çärelere nägilelik bildirýärler.

“Bilim resmileri çagalary höweslendirip, ruhlandyrmaga derek olaryň özlerine bolan ynamy depeläp, olarda ömürlik ýara-yz galdyrýarlar. Olar çagalary deň-duşlaryny arasynda kemsidýärler” diýip, aşgabatly ene anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu aralykda, çagalary dabara üçin saýlanyp alnan ene-atalar hem özlerini bagtly saýmaýarlar. Olar dabara üçin ähli eginbaşlary satyn almaga mejbur edilýändiklerini aýdyp, aşa köp çykdajydan şikaýat edýärler.

“Gyzlar üçin ak reňkdäki keteni matadan tikilen köýnek, ak jorap, ak papak, ak don, ak ellik satyn almaly.Oglanlar üçin ak köýnek, ak jorap, ak ellik, ak jalbar, ak papak, ak köwüş we ak kemer satyn almaly.

Her bir çaganyň täze ýyl lybasy azyndan 2 müň manatdan hem geçýär” diýip, aşgabatly başga bir ene anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Käbir ene-atalar üýşüp, mekdep müdirlerine bu çykdajylary özleriniň maşgala býujetiniň göterip bilmejekdigini aýtdylar. Mekdep müdirleri ene-atalary çagalaryna “gowy bahalaryň goýuljakdygy we hormat haty bilen sylaglanjakdygyny” aýdyp, olary köşeşdirmäge çalyşdylar. Ýöne bu sözler köp ene-atany has-da gahar-gazaba getirdi.

“Olar bize hormat hatyňyz gerek däl, bu çykdajylarymyzy çagalarymyza iýdirenimiz gowy’ diýdiler. Käbir ene-atalar çagalaryny çäreden alyp galdylar” diýip, aşgabatly ene şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň bilim edarasyndan kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda indi onlarça ýyl bäri her ýylyň ahyrynda, ýurduň baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabarasy gurnalýar. Bu dabara 2015-nji ýyldan bäri “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasynda gurnalýar.

Prezidentiň gatnaşmagynda geçirilýän bu çärä çagalaryň, sungat işgärleriniň ýüzlerçesi mejbury çekilýär. Olar häkimiýetler tarapyndan salanyp alynýar. Olar baýramçylyk lybaslaryny öz maddy serişdeleriniň hasabyna satyn alyp, sowuk howada ençeme sagatlap dik aýak üstünde durup, baýramçylyk çykyşlaryny ýerine ýetirmeli bolýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we media serişdeleri bu çäreleri “köpöwüşginli baýramçylyk dabaralary” häsiýetlendirýärler. Ýöne olar çagalaryň bu dabaralara saýlanyp alnyşy, olara görülýän taýýarlyklar we maliýe çykdajylary barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.

Bu aralykda, şu ýyl “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasynda guraljak ýurduň baş arçasyny bezemek üçin 4 müň oýunjagyň we 55 müň sany LED lampanyň ulanyljakdygy habar berilýär. Hökümetçi “Turkmenportal” neşiri 15-nji dekabrda çap eden maglumatynda baş arçanyň Sibirden getirilen tebigy arça şahalaryndan guralandygyny hem belleýär.

Şu ýyl Aşgabatda ýurduň baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy 15-nji dekabrda geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky esasy Täze ýyl arçasy GDA-da iň beýik diýlip atlandyryldy
Ak Gaýa Täze ýyl üçin baýramçylyk harytlaryny hödürleýär
Üsti açylýan krossower: 999 sanysy öndüriler
Güýçli elektrowelosiped öndürdi
Pessaý şemaldan energiýa öndürmegiň usuly oýlanyp tapyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi