Aşgabadyň mekdeplerinde okuwçylara Täze ýyly bellemegiň gadagandygy duýdurylýar

Aşgabadyň mekdeplerinde okuwçylara Täze ýyly bellemegiň gadagandygy duýdurylýar

Aşgabadyň orta mekdeplerinde bilim resmileri okuwçylara öýlerinde we köçelerde Täze ýyl baýramyny bellemezligi tabşyrýarlar. Olar tabşyrygy bozan okuwçylaryň we olaryňs ene-atalarynyň administratiw temmilere sezewar ediljekdigini duýdurýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Mekdep mugallymlary okuwçylara Täze ýyly goňşulary, dogan-garyndaşlary bilen üýşüp bellemegiň, şatlanmagyň gadagandygyny duýdurýarlar. Olar bu barada Bilim ministrliginden ýörite görkezmäniň gelendigini aýdýarlar” diýip, ýokary synp mekdep okuwçysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Paýtagtyň tas ähli mekdeplerinde mugallymlar 31-nji dekabrda bellenilýän Täze ýyla garşy duýduryşlar barada noýabryň başyndan bäri aýdyp gelýärler.

Ene-atalaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, duýduryşlarda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlarynyň, şol sanda Aýazbabanyň, Garpamygyň keşbini geýip, şäheriň köçelerine çykmagyň gadagandygy hem bellenilýär.

“Köçelerde pirotehniki serişdeleri, partlaýjy maddalary ulanmagyň, bengal çyralaryny ýakyp, şatlyk we şowhun etmegiň hem gadagandygy duýduryldy” diýip, paýtagtly ýene bir ýokary synp mekdep okuwçysy anonimlik şertinde aýtdy.

Mugallymlar bu gadagançyklaryň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýärler. Ýöne olar muny berjaý etmediklere we olaryň ene-atalaryna administratiw temmi beriljekdigini, jerime tölediljekdigini duýdurýarlar.

Mugallymlar hökümet tarapyndan kesgitlenen ýerlerde täze ýyl arçalarynyň goýuljakdygyny belläp, raýatlaryň diňe şol ýerlerde baýramçylygy bellemegine rugsat beriljekdigini aýdýarlar.

Häkimiýetler Täze ýyla garşy gadagançylyk duýduryşlaryny güýçlendiren mahaly, Arkadag şäherinde, habarçymyzyň tassyklamagyna görä, iň uly täze ýyl arçasyny dikmek çäresine hem girişdiler.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýurduň Bilim ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda ilatyň aglaba köplügi Täze ýyly esasy maşgala baýramçylygy hasaplaýar we höwes bilen belleýär. Ýöne geçen ýyldan bäri Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygyna garşy wagyz-nesihat işleri, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, güýçlendirildi.

Häkimiýetler baýramçylyga garşy gadagançylyklaryň birnäçesini güýje girizdiler. Döwlet edaralarynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmak däbi çäklendirildi. Mekdeplerde we çagalar baglarynda Täze ýyl oturylyşyklary ýatyryldy. Geçen ýylyň ahyrynda Balkanda Täze ýyl çäresini geçiren bilim işgärleri MHM tarapyndan soraga çekilip, jerime tölemäge mejbur edildiler.

Geçen ýylyň 31-nji dekbaryndan şu ýylyň 1-nji ýanwaryna geçilen gijede Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlarynyň keşbini geýip, şäheriň köçelerine çykan adamlar we ilaty olar bilen surata düşürýän suratçylar, ýönekeý baýramçylyk maskalaryny dakynan raýatlar tussag edildi. Bu raýatlar jemgyýetçilik düzgünini bozmakda aýyplanyp, polisiýa bölümlerine alnyp gidildiler.

Şonda resmi media Aşgabatda Täze ýyla bagyşlanan ençeme çäräniň, şol sanda konsertleriň geçirilip, teatr sahnalarynyň gurnalandygyny habar berdi. Ýöne Täze ýyl bilen bagly ýurtda girizilen gadagançylyklar we çäklendirmeler barada hiç hili maglumat bermedi.

Geçen ýylyň ahyrynda, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Balkan welaýat häkimligindäki çeşmämiz häkimiýetleriň ýurtda Täze ýyly bellemek däbini tapgyrlaýyn esasda çäklendirip, öňümizdäki üç ýylyň dowamynda doly ýatyrmagy meýilleşdirýändigini aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

PÝGG ýagyşdan soň palçyga bulaşýan ýollarda hapa ulaglara jerime ýazýar
Türkmenabatda baýramçylyk ýörişi berk gözegçilik astynda geçdi
Uly möçberlerde jerime töleglerine sezewar edilýän hususy taksi we ýük ulag sürüjileri nägile bolýar
Aşgabady we onuň töwereklerini tozanly tupan örtdi
Türkmenistanda benzin gytçylygy ýitileşip dowam edýär, iýmit önümleri gymmatlaýar
Marynyň mekdeplerinde 'ahlak meselesi' orta goýulýar