24-nji awgustda Aşgabadyň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Parahat” medeni-dynç alyş merkeziniň arka tarapyndaky dört gatly jaýlaryň agyz suw turbalary ýaryldy.Ilat arasynda Kim’ diýlip atlandyrylýan bu etrapçada ýaşaýjylaryň suw üpjünçiligi 10 sagatdan gowrak wagt kesildi. Üstesine-de, turbalardan syzyp çykan suw birnäçe jaýyň howlusyna we köçelere ýaýrady.
Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji awgustda paýtagtdan maglumat berdi.
“Turbanyň ýarylmagy netijesinde jaýlara berilýän suw ir bilen kesilip, gije sagat 8-den soň gaýtadan dikeldildi” diýip, habarymyz aýtdy.
Habarçymyzyň iberen wideo ýazgylarynda turbalardan syzyp çykan suwuň jaýlaryň öňündäki we arkasyndaky meýdançalara, şeýle-de etrapçanyň arasyndaky köçelere ýaýrandygyny görse bolýar. Bu ýagdaý, güýçli ýagyşdan soňra köçelerde emele gelýän suw üýşmeňlerini ýatladýar.
“Suw edaranyň birnäçe işgäri we iki sany tehnikasy etrapçanyň öňündäki meýdançany gazyp, turbalarda abatlaýyş işlerini geçirdiler. Ilatyň suw üpjünçiligi dikeldilen bolsa-da, bejeriş işleri heniz-de dowam edýär. Gazylan çukurlardan çykarylan gumy bir gyra üýşürip goýdular. Suw bilen birlikde gum palçyga öwrülip, töwerek-daşa ýaýrady” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Ýerli suw edaranyň işgärleri turbalaryň hatardan çykyp ýarylmagyna olaryň ýene birnäçe böleginiň çüýremeginiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.
1970-1980-nji ýyllarda gurlan bu jaýlarda lagym we suw geçiriji turbalaryň hatardan çykyp ýarylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.
Ýerli ýaşaýjylar jaýlaryň aşagyndaky suw, lagym, ýyladyş turbalarynyň ýarym asyr bäri çalşylmaýandygyny belläp, olaryň düýpli rekonstruksiýa mätäçdigini aýdýarlar.
“Bir gün turbanyň ýarylan bölegini ýamap gitseler, ýene bir hepdeden ýa-da bir aýdan 5-10 metr aňyrsyndaky bölegi zaýalanyp, hatardan çykýar we ýarylýar. Sebäbi suw edarasy we Jemagat hojalygy müdirligi turbalary düýpli bejermän, diňe ýarylan ýerini ýamap gidýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Ýaşaýjylar özleriniň bu barada çäre görülmegini haýyş edip, ýerli häkimiýetlere yzygiderli edýän ýüzlenmeleriniň oňyn netije bermeýändigini aýdýarlar.
“Resmiler hökümet meýilnamasynda bu jaýlary ýykyp, olaryň deregine täze jaýlary gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýdýarlar. Wagty gelende size-de şol jaýlardan öý berler diýýärler. Ölme eşegim, ýaz geler diýleni bolýar” diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Şeýle-de, ýaşaýjylar lagym turbalarynyň düýpli çalşylmaýandygy sebäpli olardan syzyp çykýan lagym suwlarynyň ýerzeminlerde üýşmegi bilen bagly ýagdaýyň häli-şindi dowam edýändigini aýdýarlar.
“Biziň ýaşaýan jaýymyzyň ýerzeminindäki lagym suwlary dyzyňa çenli ýetýär. Lagym suwlaryň ýakymsyz ysy diňe jaýlaryň içine däl, eýse 40-50 metr töweregine çenli ýaýraýra. Ýakymsyz ys şeýle ýiti welin, gözüňi ýaşardýar” diýip, başga bir ýaşaýjy aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada paýtagtyň suw edarasyndan we şäher häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.
Türkmenistanda onlarça ýylyň dowamynda gurluşyk pudagyna milliardlarça dollar maliýe serişdesi harçlandy. Häkimiýetler Köpetdagyň eteginde tarp ýerden gurlan täze şäheriň gurluşygyna 5 milliard dollar töweregi pul serişdesiniň harçlanjakdygy aýtdylar.
Munuň bilen bir wagtda, ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda ilat suw, lagym, ýyladyş turbalarynyň hatardan çykmagy, olaryň wagtly-wagtynda çalşylmazlygy we bularyň döredýän oňaýsyzlyklary bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.
Ýurduň döwlet mediasy paýtagtda we ýurduň sebitlerinde garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen ak mermerli köp gatly jaýlary, kaşaň-kaşaň myhmanhanalary we beýlekileri yzygiderli ýagdaýda efire berip, bulary wasp edýär.
Ýöne ne häkimiýetler, ne-de resmi media ilatyň suw, lagym we ýyladyş turbalaryndaky näsazlyklar sebäpli ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mesele gozgaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.