Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň keselleri ýene-de köpeldi. Aşgabadyň keselhanalaryna ýüz tutýanlaryň sanynyň aşa köpdügi sebäpli olary ýerleşdirmäge ýer ýetmeýär. Azatlygyň habarçysy paýtagtdaky ýagdaý barada maglumat berýär.
Paýtagtyň hassahanalary ýüz tutýan hassalary sygdyryp bilmeýär, näsaglaryň ençemesi öýde bejergi almaga mejbur bolýar.
"Dem alyş ýollarynyň wirus keseline ýolugyp hassahanalara ýüz tutýanlaryň sanynyň artmagy sebäpli, hassahananyň syrkawlar üçin stasionar ýatymlaýyn bejergi ýerleri doldy. Hassahana bu kesel bilen ýüz tutýan hassalary kabul edip bilmeýär. Ýer ýetmezçiligi sebäpli hassalary yzyna goýberýär" diýip, habarçymyz paýtagtdaky keselhanalaryň biriniň işgärlerini sitirleýär.
Azatlyk bilen anonim gürleşen aşgabatly lukmanlar kesellänleriň köpüsiniň medisina edaralaryna dem alyş ýollarynyň hassalygy bilen ýüz tutýandygyny we olaryň sanynyň soňky hepdede göz-görtele köpelendigini gürrüň berdiler.
Şeýle-de lukmanlar keselhanalarda hassalary saklamak üçin ýerleriň ýetmezçiligi sebäpli hassalary öýlerine ugratmakdan başga çäräniň galmandygyny aýdýarlar.
"Kesele ýolugan hassalara habarlaşyp durmak we öý şertlerinde bejergi almak maslahat berilýär" diýip, ýene bir lukman aýdýar.
Paýtagt keselhanalarynda işleýän lukmanlar hassahanalara ýagdaýy has agyr näsaglaryň ýerleşdirilýändigini belläp, ýogalýanlaryň hem bardygyny aýdýarlar.
"Dem alyş wirusyna ýolugan we netijede ýagdaýy ýaramazlaşyp, ýogalýanlar bar. Günde birnäçe adam dünýäsini täzeleýär" diýip, habarçymyz bilen gürleşen paýtagtly lukman aýdýar.
Anonim gürleşen saglyk resmileri hassalaryň ölüminiň sebäplerini wirus bilen baglanyşdyrmagyň gadagandygyny belleýärler.
Azatlyk Radiosy Aşgabadyň hassahanalarynyň ýolbaşçylaryndan we Saglyk ministrliginiň wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.
Lukmanlar dem alyş ýollarynyň keselçiligi, dümew alamatly hassalyklar we muňa sebäp bolýan wiruslaryň ýaramagynyň koronawirus pandemiýasyndan bäri saklanýandygy we wagtal-wagtal peselip, ýene-de güýçlenýändigini belleýärler.
Iýulyň başynda Balkan welaýatynda çagalaryň arasynda näbelli wirusyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaý ýüze çykdy.
Balkanly lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň birnäçesiniň anonim şertde habarçymyza aýtmagyna görä, dümewe meňzeş alamatlaryň has agyr görnüşi bilen geçýän keselçiligi anyklap bolmaýar, kesellän çagalar dem almagynyň kynlaşmagy, iýen zadyny gaýtarmak, beden temperaturasynyň aşa ýokarlanmagy, burnunyň ganamagy we sandyramagy ýaly agyr alamatlar bilen hassahanalara ýüz tutýarlar.
Şonda Türkmenbaşy şäherindäki köpugurly hassahananyň saglyk işgäriniň birnäçesi lukmançylyk edarasynyň çagalar bölüminde ýatymlaýyn bejergi almaga mätäç çagalar üçin ýeterlik ýeriň ýokdugyny aýdypdy.
Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ýolbaşçylary ýurtda dümew we dem alyş keselleriniň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýy resmi derejede kommentirlemediler.
Bahar aýlarynda ýurduň medisina edaralarynda kömek sorap barýan hassalaryň, köçelerde maska dakynýan adamlaryň köpelen wagtynda paýtagtda köpçülik ýerlerinde hlor bilen ýumak işleri alnyp baryldy. Bu çäre COVID-19 pandemiýasy döwründen bäri geçirilmändi.
Keselçiligiň umumy statistikasyny çap etmeýän Türkmenistanda dümew we dem alyş ýolarynyň wiruslary barada açyk aýdylmaýar. Galyberse, türkmen hökümeti tutuş dünýäni gurşan COVID-19 keseliniň hem öz territoriýasynda bolandygyny boýun almady.
Ýurduň saglygy saklaýyş pudagyndaky çeşmeler statistika yglan edilmese-de, iş ýüzünde ýöredilýändigini, 2020-2021 ýyllar aralygynda Türkmenistanda 25 müň çemesi adamyň koronawirusdan ölenligini habar beripdi. Türkmen hökümeti bu sany henize çenli ne tassyklady, ne-de ret etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.