Aşgabadyň jemagat hojalygy müdürligi ilatdan gazet arkaly suw töleglerini etmegi soraýar

Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Jemagat hojalygy müdürliginiň “Aşgabatagyzsuw” birleşigi paýtagtyň ýaşaýjylaryndan suw we kanalizasiýa üçin ölçeýjileri oturtmagy we töleg etmegi soraýar diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen bildirişde aýdylýar.

Şeýle-de paýtagtyň ýaşaýjylaryndan ýaşaýyş jaýlaryndaky agyz suwuny düzgünli ulanmak soralýar.

Raýatlaryň degişli rugsat almazdan ýaşaýyş jaýlarynyň suw geçirijilerinden we lagym ulgamlaryndan ýaşaýyş we kömekçi hojalyklara, ýer uçastoklaryna özbaşdak ýagdaýda geçiriji çekmekleri düýpden gadagan edilýär.

Ilatyň ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminindäki we ýarym ýerzeminindäki suw geçirijilerden bikanun ýagdaýda suw alyp, agyz suwuny awtoulaglaryny, halylaryny ýuwmak üçin ulanmagy gadagan edilýär. Suw netijesiz, geleňsiz we tygşytsyz ulanylan halatynda, düzgüni bozujylara adminstratiw jerime salnar.

Ýatladýarys, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabrda suw ölçeýjileriň oturdylmagyny we ilata hasaplaşmak üçin töleg depderçeleriniň berilmegini buýurdy.

Şondan soň Aşgabatda şäher häkimliginiň, ýaşaýyş jaý müdürliginiň, suw we gaz edaralarynyň, polisiýanyň wekillerinden düzülen komissiýalar gaz we suw ölçeýji guralllaryň oturdylandygyna göz ýetirmek üçin kwartiralara aýlanmaga başladylar. Ölçeýjileriň oturdylmadyk ýagdaýynda adamlara jerime salmak haýbaty atylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda öý hojalyk hyzmatlary üçin bergili döwlet işgärlerine aýlyk berilmez
Aşgabatlylar 'mugtçulyk' döwründe oturdan suw ölçeýjilerini gaýtadan barlatmaly bolýarlar
Ölçeýjiler oturdylmasa, gerekli dokumentler berilmeýär
Lebapda gaz, elektrik we suw ölçeýjiler barlanýar, ulanyş möhleti geçen gurallar üçin jerime salynýar
Daşoguzda bergili maşgalalaryň gazyny, toguny kesýärler
Aşgabatda gaz we suw ölçeýjileri gyssagly oturtmak dowam edýär