“Aşgabadyň iň gowy onlaýn dükany” bäsleşigine gatnaşýanlar kesgitlenildi

“Aşgabadyň iň gowy onlaýn dükany” bäsleşigine gatnaşýanlar kesgitlenildi

Mundan ozal habar berşimiz ýaly “Türkmenportal” 1-nji fewraldan başlap, 10 gün dowam etjek, “Aşgabadyň iň gowy onlaýn dükany” bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşmak isleýän dükanlar elektron anketa tabşyrmaly. Arzalar 30-njy ýanwardan 1-nji fewral aralygynda kabul edildi.

Iberilen arzalaryň esasynda “Aşgabadyň iň gowy onlaýn dükany” ugrundaky bäsleşikde bäsleşjek gatnaşyjylaryň sanawy döredildi.

Şeýlelikde, gatnaşyjylaryň sanawyna aşakdaky onlaýn dükanlar girýär:

Ýaryşa gatnaşýanlaryň, sargytlary kabul etmegiň wagty, gowşuryş wagty, harytlaryň suratdakysy bilen meňzeşligi, kart arkaly tölemek aýratynlygy ýaly synaglardan geçmelidigini ýatladýarys.

Iň köp utuk gazanan dükan ýeňiji bolar we baş baýragy ýagny, “Turkmenportal”-dan dükan barada giňişleýin syn wideosyny alar, “Çalt hyzmat”, “Ýokary hilli önümler” we “Sahy satyjy” ýaly üç ugur boýunça iň gowy onlaýn dükanlar “Turkmenportal” tarapyndan dükanyň doly syn makalasy ýazylar.

Onlaýn dükanlaryň müşderileri hem, kiçi ýaryşa gatnaşyp bilerler. Ýagny, gatnaşýan dükanlar barada sosial ulgamlarda we Türkmenportal web sahypasynda bu bäsleşik barada islendik ýazgyda teswir ýazmak zerur, iň gowy teswir ýazan ildeşimiz bolsa gatnaşýan dükanlardan ýörite baýrak alar.

Ýene degişli makalalar

15-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Diňle: AIW ýokançly adamlar 'ýekirilýän' Türkmenistanda olara medisina kömegini bermegiň tertibi tassyklandy
Türkmenistan Türkiýe bilen wiza režimini girizen badyna Stambula adaty uçar gatnawyny ýola goýdy
Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynda çapyksuwar heläk boldy
Lebapda şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalaryň sany görnetin az boldy
Turkmenportal bilen BMGÖM-iň arasynda Ähtnama gol çekildi
Mekdeplerde sapaklar pandemiýadan öňki tertipde okadylýar, maska talaby saklanýar