1-nji oktýabrda irden Aşgabada Serhatabatdan onlarça esger alnyp baryldy.Azatlyk Radiosynyň habarçysyna mälim bolşuna görä, esgerleriň birnäçesi keselhana ýerleşdirilipdir.Olaryň keselhana alnyp barylmagynyň sebäpleri entek nämälim galýar.
Emma şaýatlaryň sözlerine görä, birnäçe esger göterilip getirilipdir.Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän Serhetabat şäheri owgan serhediniň golaýynda ýerleşýär.Soňky wagtda türkmen serhetçileriniň Owganystan tarpyndan oka tutulýandygy barada habarlar peýda bolýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan şaýatlaryň sözlerine görä, 1-nji oktýabrda irden Aşgabada baran otluda 70 golaý esger alnyp barlypdyr. 602a nomerli bolmagy çak edilýän Serhetabat-Aşgabat otlusy ir sagat 8:10-da paýtagtyň demirýol wokzalynyň ikinji ýoluna baryp durdy.
Habarçymyza mälim bolşuna görä, esgerleriň köpüsi otludan özleri çykypdyr, emma birnäçesine gullukdaşlary kömek beripdir.
“Men irden Marydan gelen garryja garyndaşymy garşy aldym.Serhetabatdan otly 8 töwereginde geldi.Wagonlaryň birinden esgerler çykyp başladylar. 60-70 adam çemesi, ýagny 2-3 wzwod.
Köpüsi özleri çykdy, emma azyndan 4 esgere gullukdaşlary kömek berdiler.Olary iki tarapdan ellerinden tutup, wokzalyň binasyndan gyssagly alyp çykdylar.Maňa olaryň birnäçesi bilen gepleşmek başartdy, olar Sehetabatdan Aşgabadyň keselhanasyna gelendiklerini aýtdylar.
Olaryň biri Bekrewedäki harby gospitala barýandygyny mälim etdi.Men sebäbini soradym, emma olar eýýäm daşlaşyp başladylar, sebäbi olaryň komandirleri gelip olary gyssady” diýip, esgerleriň Serhetabatdan Aşgabada baran pursadyna şaýat bolan söhbetdeşlerimiziň biri gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Bekrewedäki merkezi harby keselhanasyna 1-nji oktýabrda irden iki sany harbynyň ýerleşdirilendigini anyklady. Azatlyk Radiosyna bu adamlaryň atlary we familiýalary mälim boldy, emma biz howpsuzlyk nukdaý nazaryndan esgerleriň atlaryny agzamakdan saklanýarys.
Emma Azatlyga esgerleriň keselhana ýerleşdirilmeginiň we Serhetabatdan olarça esgeriň Aşgabada getirilmeginiň sebäplerini anyklamak başartmady.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanyň Goranmak ministrligine telefon arkaly ýüz tutdy, emma oňa bu ýagdaýy kommentirlemekden ýüz öwürdiler.
Türkmenistanyň Mary welaýatyna degişli Serhetabat şäheri (ozalky ady Guşgy) türkmen owgan serhediniň ýakasynda ýerleşýär.
SSSR döwründen bäri bu ýerde tankly we moto-atyjy goşunlary öz içine alýan harby garnizon ýerleşýär. Bu ýerde türkmen-owgan serhedine gözegçilik edýän Tagtabazar serhet bölümi ýerleşýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary geçen ýylyň iýun aýynda Owganystanyň Badgys welaýaty bilen serhetleşýän böleginde bolan ok atyşyk zerarly 25 sany türkmen esgeriniň wepat bolandygyny habar beripdi.
Şu ýylyň iýun aýynda Tagtabazar etrabynyň 2108 nomerli harby bölüminde 19 ýaşly esger Suleýman Orazow wepat boldy. Esgeriň garyndaşlaryna tabşyrylan jesedinde ençeme deşik bardy, emma harbylar esgeriň iýmitden zäherlenip ölendigini aýtdylar.
Şol bir wagtyň özünde-de “Türkmenistanyň Hronikasy” neşri türkmen-owgan serhediniň ýokarky bölekleriniň ýygy-ýygydan oka tutulýandygyny habar berdi. “Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň golaýynda ýerleşýän N9 we N11 serhet zastawalarynyň jogapkärçiligindäki serhet bölekleri has howply hasaplanýar.
Serhedi goraýan harbylar tas her hepdede oka tutulýarlar.Soňky hepdäniň dowamynda Mary we Balkan welaýatlaryndan bolan iki sany serhetçi okdan ýaralanyp, häzir keselhanada ýerleşýär” diýip, neşir ýazýar.
Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Owganystandaky habarçysy, ýurduň Türkmenistan bilen serhetleşýän etraplarynyň 80% gowragynyň “Talybanyň” we beýleki ýaragly toparlaryň gözegçiliginde galýandygyny ýerli meýdan komandirlerine salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Owganystan bilen uzynlygy 744 kilometrlik umumy serhedi bar.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.