Aşgabadyň hapa taşlanýan ýerleriniň üstünde dawa köpeldi

Aşgabadyň hapa taşlanýan ýerleriniň üstünde dawa köpeldi

Aşgabadyň zir-zibil taşlanýan gapyrçaklary girdeji çeşmesine we dawa döredýän ýerlere öwrüldi. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, şu günler zir-zibillere bolan islegler göz-görtele artypdyr. Hapa-hupalara töwerek daşy arassalaýan jemagat gulluklaryň işgärleri, şeýle-de gün görmek üçin serişdesi bolmadyk adamlar isleg bildirýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, paýtagtyň gür ilatly etrapçalaryndaky köpgatly jaýlaryň ýaşaýjylary hapa taşlanýan gapyrjaklaryň öňündäki dawalara ýygy-ýygydan şaýat bolýarlar. Köplenç ýerli jemagat gulluklarda işleýän işgägleriň hem köçe süpürijileriň arasynda dawa turýar.

-Zil-zibiller ugrunda söweş gidýär. Köçe süpürijileriň arasynda hapa taşlanýan ýerlerdäki "resurslar" ugrunda ýakalaşma gidýär. Hatda ýaşlar ýumrugyny çenäp sögünçler bilen garrylaryň üstüne topulyp bilýär" diýip, - Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 7-nji aprelde habar berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, köplenç hapa dörýänler zir-zibilleriň arasynda çörek gözleýärler, şeýle-de karton, çüýşe we plastik suw gaplaryny agtarýarlar. Il içinde baklažka diýlip atlandyrylýan plastik suw gaplary has köp talap edilýär, sebäbi olary soň tabşyryp, ujypsyz gazanç edip bolýär.

- Olaryň ugrunda aýratyn bir göreş gidýär. Plastik baklažkalary köçe süpürýän aýallar we erkekler, ýaşaýjylar ýygnaýarlar. Soňky wagtda köçe süpürijileriň arasynda talaňçylyk göze ilýär. Her kimiň nobatçylyk edýän döwründe toplan möçberi bar. Indi erkekler aýallaryň üýşürenlerini aç-açan ogurlap başladylar" - diýip, habarçymyz Aşgabatdan habar berýär.

Şeýle-de, ol käbirleriň başgalaryň hapa dörüp toplan zatlaryna olaryň gözüniň öňünde el urmak, güýç bilen ellerinden gaňyryp, äkitmek ýaly wakalaryň seýrek däldigini gürrüň berýär.

- Ýaňy-ýakynda köçe süpürijileriň biri dynç almak üçin oturan badyna onuň ýanynda duran baklažkaly haltany köçeleri arassalaýan ýigit elinden gaňyryp diýen ýaly alyp gitdi. Zenan aglap galdy" - diýip, habarçymyz gürrüň berýär.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň paýtagtynda zir-zibilleri dörýän adamlar esli köpeldi. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtyň hapa taşlanýan ýerlerine aýlanýan adamlaryň, iýmäge zat gözleýänler üçin azyk önümlerini gaba salyp hapa üçin niýetlenen gapyrjaklaryň içine salman, gapdalynda goýýan ýaşaýjylaryň, şeýle-de zir-zibillere eýeçilik etmäge synanyşýan we gelýän adamlary kowýan "garawullaryň" köpelendigini ençeme gezek habar beripdi.

Türkmenistanda dowam edýän güýçli ykdysady çökgünlilik, agyr işsizlik, ýurt ilatynyň gazanjyň gözleginde daşary ýurtlara köpçülikleýin gitmegi, bahalaryň ýokarlanmagy we ilatyň maddy ýagdaýynyň gitdigiçe ýaramazlaşmagy ýaly problemalaryň dowamynda türkmen ýolbaşçylary garyplyk meselesini görmezlige salýarlar. Döwlet habar beriş serişdeleri ilatyň problemalaryny düýpden gozgamaýarlar.

​Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistan iňňän uly ykdysady çökgünliligi başdan geçirýär. Bank pudagyndaky maliýe krizis, bahalaryň ýokarlanmagy, azyk gytçylygy, un we çörek ýetmezçiligi barha güýçlenýär. Şu günler häkimiýetleriň koronawrirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça girizýän çäklendirmeleri bilen bir wagtda azyk krizisi hasam agyrlaşýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Güýçli ýagyn paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryna zyýan ýetirdi
200 filmde surata düşen hindi aktrisasy aradan çykdy
Aşgabadyň hapa taşlanýan ýerleriniň üstünde dawa köpeldi
Aşgabatda zir-zibil dörýän adamlar köpeldi, paýtagt ýaşaýjylary azygy gaba salyp galdyryp başlady
Nyýazow keselhanasynda heläkçilikden soň liftler bejerilmedi
Syçan ýylynyň öňýany Aşgabatda gemrijiler köpeldi
Türkmenistanyň prezidenti Aşgabadyň häkimliginiň işinden nägile boldy