Aşgabadyň hammamynda bir aýal öli tapyldy

Aşgabadyň hammamynda bir aýal öli tapyldy

10-njy iýunda Aşgabadyň 7-nji banýasynda, ýagny hammamynda bir aýal öli tapyldy. Polisiýa hammamyň işgäridigi aýdylýan aýalyň ölümi bilen ilteşikli birnäçe adamy tussag etdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden habarsyz iki çeşmesi aýry-aýrylykda maglumat berdi.

“Daşoguzly Firuzanyň jesedi banýanyň üçünji gatynda, tehniki gatynda tapyldy. Şonda saçy owadan daralan zenan uklaýan ýaly pozada ýatan eken. Ýöne ol agyr urlup-ýenjilipdir, onuň gapyrgalary döwlüp, içgi organlaryna uly zyýan ýetipdir” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz anonim şertde gürrüň berdi.

Çeşmelerimiz häzirlikçe pidanyň diňe adyny anyklap, onuň şahsyýeti bilen bagly başga goşmaça jikme-jikleri doly kesgitläp bilmediler. Şeýle-de onuň hammama nähili ýagdaýda düşendigi, ýagny hammanyň işgäri bolup bolmandygy, ýa-da oňa zulum eden şahs bilen bu ýere gelendigi mälim däl.

“Polisiýa zenanyň ölümi bilen ilteşikli derňew başladyp, hammamyň tehniki işgärleriniň birnäçesini, şol sanda aýalyň kireýine alýan jaýyndaky otagdaşynyň erkek doganyny tussag etdi. Olaryň ählisiniň barmak yzlaryny aldylar” diýip, beýleki bir çeşmämiz belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, adatça bolşy ýaly, resmiler zenanyň ölümi we oňa nämäniň sebäp bolandygy barada aç-açan gürrüň etmekden saklanýarlar. Bu barada hammamyň işgärleri hem agyz ýarmaýarlar.

Ýöne çeşmelerimiz polisiýa we hammam işgärleriniň birnäçesiniň anonim şertde beren maglumatyna salgylanyp, zenanyň banýa gelen bir müşderi tarapyndan jynsy gatnaşykda bolmaga zorlanan mahaly, öldürilendiginiň öňe sürülýändigini aýdýarlar.

“Banýa gelen müşderiniň Firuzany özi bilen jynsy gatnaşykda bolmaga zorlandygy we ony öldüreniň täsirli adamdygy aýdylýar. Prokuraturanyň eýýäm bu kazyýet işini gyssagly ýapmaga çalyşýandygy hem aýdylýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Çeşmelerimiz hususy eýeçilikdäki hammamyň häzirki wagtda polisiýanyň berk gözegçiliginde saklanýandygyny, ýöne onuň adatdaky tertipde işleýändigini hem aýtdylar.

Azatlygyň pajygaly waka barada Aşgabadyň polisiýa bölüminden we hammamdan resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurduň çäginde hasaba alynýan jenaýat hadysalary barada hasabat bermeýär, bu hakdaky statistiki maglumatlary çap etmeýär.

Şol br wagtda, Azatlyk we garaşsyz neşirler Türkmenistanda bolýan talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlar barada yzygiderli habar berýärler.

Habarçylarymyz geçen ýylyň 15-nji martynda Aşgabadyň bir köp gatly ýaşaýyş jaýynyň birinji gatynda bolup geçen ganly wakada üç adamdan ybarat tutuş maşgalanyň öldürilendigi barada maglumat berdiler. Şonda kanun goraýjy edaralardaky çeşmämiz hüjümçileriň maşgala başynyň kellesine 14 pyçak urup, aýaly dokuz gezek pyçaklandygyny, 11 ýaşly oglany bolsa ýedi gezek ýaralap heläk edendigini gürüň beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Saraýewoda bomba howsalasy başdan geçirilýär
Balkan welaýatynyň migrasiýa gulluklary prokuratura tarapyndan barlanýar
Meksikada terk edilen ýük ulagynyň içinde 343 immigrant tapyldy
Aňzakda mallar gyrylýar, dag gerişlerindäki gar göçüşi zerarly müňlerçe goýun-geçi heläk boldy
Lebapda ilat gaz üpjünçiliginden nägile bolup, prokuratura şikaýat bilen ýüzlendi
Pariždäki pyçakly hüjümde 6 adam ýaralandy