Aşgabadyň häkimiýetleri ýene-de split-sistemalary aýyrýarlar

Aşgabadyň häkimiýetleri ýene-de split-sistemalary aýyrýarlar

Döwlet baýramçylygy Bitaraplyk güni Aşgabadyň häkimiýetleri ýaşaýyş jaýlardaky ýyladyjy-sowadyjy split sistemalary aýyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, 12-nji dekabrda Oguzhan köçesinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýardaky split-sistemalar aýrylýar. Bu işi öý dolandyryş edaralaryň işgärleri ýörite tehnikany ulanmakda amala aşyrýarlar.

Split sistemalaryň aýryljagy baradaky duýduryş Aşgabadyň 11-nji mikroraýonunyň ýaşaýjylaryna 11-nji dekabrda berlipdi.

"Şu gün Oguzhan köçesiniň 14/1 jaýynyň ýaşaýjylaryna öýme-öý aýlanyp çykan öý dolandyryş edarasynyň işgärleri jaýyň howly tarapyndaky sowadyjylaryň we split-sistemalaryň göçürilmelidigini aýtdylar. Şol wagtda köp adam işdedi" diýip, habarçymyz bir gün öň habar berdi.

Aşgabadyň ýaşaýjyary split-sistemalary gyşda jaýlary ýylatmak üçin ulanýarlar. Soňky günlerde howanyň sowamagy bilen paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde merkezleşdirilen ýyladyş sistemasy işlemeýär, käbir öýlerde munuň üçin abzallar batareýalar asla ýok.

Bu öýüň ýaşaýjylarynyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, gurallar häkimiýetler tarapyndan aýrylýar we aýnalaryň öňünde duran enjamlar goparylyp, balkonlara geçirilýär.

Bir gün mundan öň gurallaryň ýaşaýjylaryň hasabyna aýrylmalydygy aýdylypdy.

"Ýaşaýjylara olaryň öz hasabyna ýörite tehnikany hakyna tutup, ussa tapmalydygyny duýdurdylar. Ertire çenli wagt berdiler. 12-nji dekabrda Bitaraplyk güni häkimligiň dilden edilen bu tabşyrygyny ýerine ýetirmedikleriň splitleriniň kesilip aýryljakdygyny aýtdylar" diýip, habarçymyz ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, habar berdi.

Öý dolandyryş edaralaryň işgärleri split-sistemalary aýyrmak barada ýaşaýjylara hiç hili ýazmaça karar görkezmändir.

Azatlyk Radiosynyň eden ençeme synanyşyklaryna garamazan, 11-nji etrapçasyna degişli Berkararlyk häkimliginden maglumat alyp bolmady.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri häkimligiň bu kararynyň Oguzhan köçesinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň daşky görnüşini kämilleşdirmek islegi bilen baglydygyny aýdýarlar. Split-sistemalary aýrylýan jaýlar KIA-Hyundai awtoulag merkeziniň golaýynda ýerleşýär.

12-nji dekabrda Türkmenistan Bitaraplyk gününi belleýär. Aşgabadyň häkimiýetleriniň şäheri abadanlaşdyrmak boýunça işleri baýramçylyklaryň öňýany hasam güýçlenýär. Ozalky ýyllaryň tejribelerine görä, köçeleri arassalamak, jaýlary reňklemek ýaly çäreler bilen bir wagtda sowadyjylar we split sistemalar aýrylýar.

Aşgabadyň häkimiýetleriniň sowadyjylara garşy göreşi ençeme ýyl mundan öň başlandy. Häkimiýetleriň ýaşaýyş jaýlardan aşgabatlylaryň öz hasabyna goýduran gurallaryny goparyp aýyrmagy bilen bagly ýagdaýlar 2017-nji ýylda köpçülikleýin häsiýete eýe bolupdy. Şonda bu işi amala aşyran gulluklaryň işgärleri muňa ýokardan tabşyryk berlendigini we onuň sowadyjylaryň "şäheriň görküni bozýandygyny" aýdypdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda harbylaryň ýaşaýyş jaýlary ünsden düşürilýär, jokrama yssyda split-ulgamlary işlemeýär
Aşgabatda kondisionerler aýrylýar, ýene-de
Aşgabatda kondisionerleri aýyrmak çäresi täzeden güýçlendi
Türkmenistanyň futbol we futzal boýunça ýygyndylaryna horwat tälimçileri ýolbaşçylyk eder
Milli ýygyndylarymyzyň täze tälimçileri
Maryda we Ahalda ilatyň elektrik üpjünçiligi yzygiderli kesilýär