Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi

Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi

25-nji maýda türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň köp sanlysy, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Serginiň guramaçylary — Aşgabat şäher häkimligi hem-de Söwda-senagat edarasy her ýyl bu gözden geçirilişiň maksatnamasyna gurluşyk we binagärlik, elektrik energetikasy, gaýtadan işleýän we ýerli senagat, bezeg işleri, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, medeniýet, syýahatçylyk, sport ulgamlaryny ösdürmek ýaly ugurlary girizýärler.

Sergi merkeziniň bölümlerinde we meýdançalarynda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary, ýurdumyzyň telekeçileri we Aşgabatda işleýän daşary ýurt kompaniýalary öz gazananlaryny görkezýärler.

Ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlary — Bouygues Turkmen, Gap Inşaat, Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi we Ticaret, Interbudmontaž, Altkom, “Ýol gurluşygy”, Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş., Wozroždeniýe paýdarlar jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, şol sanda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýollary gurmak, işjeň dynç alyş we beýleki ugurlar boýunça innowasion işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary görkezdiler.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, senagat we kommunikasiýalar, gurluşyk we binagärlik ulgamlarynyň, Türkmenawtoulaglary, Türkmendemirýollary, Türkmenhowaýollary, Türkmenaragatnaşyk agentlikleriniň we beýlekileriň diwarlyklary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Aşgabat şäher häkimligi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde deňsiz-taýsyz üstünlikleri görkezdi.Bu bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şäher seýilgählerini bezeýän dürli görnüşli güllerdir bag nahallary, tutuş ýurdumyz boýunça döredilen tebigy gözellikler sergi bölümine aýratyn öwüşgin berdi.

Bu ýerde nahallary ösdürip ýetişdirmek, seýilgählere niýetlenen germewleriň, bezeg serişdeleriniň, mebelleriň we olaryň degişli enjamlarynyň, aşhana enjamlarynyň, durmuşda ulanylýan aýnadan taýýarlanylýan önümleriň önümçiligi bilen meşgullanýan kärhanalaryň harytlary hem görkezildi.

Hususy gurluşyk düzümleriniň hatarynda “Ussat inžener”, “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik”, “Baýly-Gurluşyk”, “Arassa söwda gurluşyk”, “Zehinli iş”, “Altyn” we beýlekiler bar. Açyk sergi meýdançalarynda ýurdumyzyň “Çigildem”, “Aýbölek” ýaly esasy öndürijileriniň mebel önümleri ýerleşdirildi, olarda gurluşyk enjamlary hem-de halkyň sarp edýän tehnikalarydyr harytlary mahabatlandyrylýar.

Sergi işini şu gün hem dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy
Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy atly halkara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň mümkinçilikleri görkezildi
10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Balkanyň çukanak-sakanak ýollary ulaglary hatardan çykarýar