Aşgabadyň eteginde bolan ýol heläkçiliginde üç adamyň ölendigi aýdylýar

Aşgabadyň eteginde bolan ýol heläkçiliginde üç adamyň ölendigi aýdylýar

Aşgabadyň etegindäki Gurtly obasynyň golaýynda bolan ýol heläkçiliginde üç adam öldi diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär. “23-nji ýanwarda Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda ýol heläkçiligi boldy. Ýokary tizlikde barýan Toyota Camry’ kysymly awtoulag ýoldan çykyp, elektrik sütününe kürsäp urdy.

Ulagyň ot almagy netijesinde onuň içindäki üç adam heläk boldy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 27-nji ýanwarda gürrüň berdi.Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu barada polisiýa işgärleriniň we waka şaýat bolanlaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.

Anonim şertde maglumat beren polisiýa işgärleriniň aýtmagyna görä, olar wakanyň bolan ýerine baranda ulagdaky adamlar diridi. Ýöne ýangyn howpsuzlyk işgärleriniň ýörite ulaglarynyň wakanyň bolan ýerine suwsuz barmagy, ot alan ulagyň tutaşmagyna sebäp bolupdyr.

Bu bolsa adamlaryň ulagyň içinde heläk bolmagyna getiripdir. “Biz ýol heläkçiliginiň bolan ýerine ilkinji bolup bardyk.Dessine awtoulagyň içinden adamlary halas etmek üçin gapylary açmak synanyşygymyz başa barmady.

Ulagyň kaportyndan tüsse çykýardy.Biz haýal etmän, ýangyn howpsuzlyk gullugyna jaň edip, heläkçiligiň bolan ýerini aýtdyk. Şol telefon jaňyndan 15 minut geçmänkä, ýangyn söndüriji ulaglar geldi. Şonda awtoulag ýanyp başlady.

Emma ýangyn söndürmäge gelen ulagda suw ýokdy boş bolup çykdy” diýip, aşgabatly polisiýa işgäri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.Aýdylmagyna görä, şondan soňra Bagtyýarlyk etrabynyň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň işgärleri ulaglara suw doldurmak üçin yzyna gidýärler. Şol wagt heläkçilige uçran awtoulag partlaýar. “Ot asmana galdy.

Biziň hemmämiz otdan daşlaşyp, howpsuz aralykdan seredip durduk.Biz ýene-de ençeme sapar ýangyn howpsuzlyk bölümine jaň etdik, ýöne olar 1 sagatdan soň geldiler.Tiz kömek ulagy hem geldi, ýöne ýangynyň ýanyna hiç kim golaýlaşyp bilmedi” diýip, polisiýa işgäri aýtdy.

Belläp geçsek, Azatlyk Radiosy Türkmenistanda ýangyn howpsuzlyk gullugynyň ulaglarynyň ýangynyň ýa-da heläkçiligiň bolan ýerine suwsuz barandygy barada mundan ozal hem habar beripdi.Polisiýa işgärleriniň we şaýatlaryň sözüne görä, wakanyň bolan ýerine ýurduň içeri işler ministri Mämmethan Çakyýew hem baryp görüpdir.

Ol Bagtyýarlyk etrabynyň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň başlygyny dessine tussag etmegi buýrup, waka barada derňewleri başlatmagy tabşyrypdyr.Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine jaň edip, bu maglumatlary tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Bu barada Bagtyýarlyk etrabynyň Ýangyn howpsuzlyk bölüminden we Bagtyýarlyk etrap häkimliginden hem kommentariý alyp bolmady. Şeýle-de, bu ýol heläkçiligi barada adatça bolşy ýaly ýurduň metbugat serişdelerinde-de haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär. Ýöne Azatlyk Radiosy ýurtda bolýan ýol hadysalary barada soňky birnäçe ýylyň dowamynda ençeme gezek habar berdi. Ýatlatsak, geçen ýylyň aprelinde Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunda bolan ulag heläkçiliginde dört adamyň ölendigini we başga-da 10-a golaýynyň ýaralanandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda adam pidalaryna getirýän ýol hadysalary barada maglumat bermeýärler.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär.Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Halkara Günägeçişlik guramasy Ysraýyly Gazada “Genosid” Edýänlikde Günäkärledi
Aşgabatda ulaglarda egin-eşikleri asmak gadagan edildi
“Altyn asyr” ýarym finalda
“Altyn asyr” ýarym finalda
Deňlikde tamamlanan duşuşyk
Italiýaly pianinoçy Roberto Prosseda Aşgabatda konsert berdi