Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şeker diňe irden çäkli satylýar, ýumurtga elýeterli, gaýtarga derek sakgyç berilýär

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şeker diňe irden çäkli satylýar, ýumurtga elýeterli, gaýtarga derek sakgyç berilýär

Paýtagt Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şeker ilata her gün irden sagat 8-de her ele 1-2 kilogram aralygynda, çäkli möçberde satylyp başlandy.Adamlar birnäçe sagat öňünden baryp, nobata ýazylýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bu barada 24-nji maýda habar berdi. Şeker Onuň maglumatyna görä, şeker çagalara satylmaýar, diňe uly adamlaryň satyn almagyna rugsat berilýär. “Birnäçe sagat öňünden nobata ýazylýan adamlarda tomus hasyl möwsüminiň öňýany hyrydarly haryt bolan şekeri satyn almak üçin mümkinçilik bar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Ol Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde şeker satyn almak üçin dörän nobatyň suratyny düşürip Azatlyga ugratdy.Habarçynyň sözlerine görä, şäheriň ilaty şekeriň geljekde has-da gymmatlamagyndan howatyr edip, häzirki wagtda ätiýaç üçin ony satyn alyp goýmaga synanyşýar.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda 1 kilogram şekeriň bahasy 7 manatdan satylýar.Onuň hususy söwdadaky bahasy 12 manada çenli çykýar. “Mundan birnäçe ýyl ozal şekeriň 1 kilogramy 3 manada durýardy” diýip, habarçy sözüne goşýar. Ýumurtga Onuň maglumatlaryna görä, mundan ozal bahasy döwlet dükanlarynda 33 teňňelik ýumurtga-da diňe her gün irden satylýardy. Ýöne habarçy häzirki wagtda Aşgabatda ýumurtganyň döwlet dükanlarynda 45 teňňeden erkin satylýandygyny habar berýär. Şol bir wagtyň özünde, habarçy Parahat etrapçasynda ýerleşýän 79 belgili döwlet dükanynda ýumurtganyň 1 gutusynyň (30 sany) 15 manatdan satylýandygyny sözüne goşýar.

Bu dükandaky ýumurtganyň bahasynyň beýleki döwlet dükanlary bilen deňeşdireniňde gymmat bolmagyny satyjylar gutulardaky ýumurtgalaryň käte döwük çykmagy we özleriniň zyýana galmagy bilen düşündirýärler.Sakgyç Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň dükanlarynda gaýtargynyň deregine ýerli önümçilige degişli sakgyç berilýär.

Habarçy gaýtarga derek berilýän sakgyçlaryň suratyny ugratdy.Habarçy gaýtarga derek berilýän ýerli önümçilige degişli sakgyçlaryň hiliniň ýaramazdygyny, onuň dişe ýapyşýandygyny, dessine owranýandygyny habar berdi. “Dükanlarda 20-30 teňňä derek bu sakgyçlar gaýtargy hökmünde berilýär.

Käbir dermanhanalarda-da gaýtarga derek sakgyç berilýär. Ýöne 10 teňňä derek” diýip, habarçy aýdýar.Onuň maglumatyna görä, hususy dükanlarda gaýtarga derek berilýän sakgyjyň ornuna kükürt almaga mümkinçilik döredilýär.

Habarçy döwlet dükanlarynda gaýtarga derek sakgyjyň berilmegi barada adamlaryň özara degişýändiklerini aýdýar. 21-nji maýda Azatlyk Radiosy Aşgabadyň bazarlarynda şekeriň ýitirim bolandygy barada habar beripdi.Margarin Şondan bir hepde ozal, ýerli habarçymyz Aşgabadyň Parahat etrapçasynyň 21-nji döwlet dükanynda 1 kilogram şeker satyn alýan müşderilere margarin satyn almak şertiniň goýulýandygyny habar beripdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty paýtagtyň döwlet dükanlaryndaky şeker gytçylygy barada maglumat bermeýär.Resmi habarlara görä, döwlet tabşyrygy esasynda ýurduň Balkan we Mary welaýatlarynda şugundyr ösdürilip ýetişdirýär hem-de Mary welaýatynda ýerleşýän “Maryşeker” döwlet kärhanasynda şeker öndürilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Maryda häkimiýetler ten satýan zenanlary şugundyr hasylyny ýygnamak işlerine çekýär
05.07.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Prezident Berdimuhamedowa döwlet gurluşlaryndaky we býujet edaralarynsdaky korrupsiýa faktlary barada hasabat berildi
Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi tamamlandy
Balkanda şugundyr ösdürip ýetişdirýän daýhanlar kösenýär
Balkanda býujet işgärleri şugundyr ýygmaga çekilýär, kärendeçiler hasyllaryny harmana tabşyrmakda kösenýär