Türkmenistanda
1. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek çäresiniň başlanýandygyny yglan etdi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärleri hödürlemek hukugy bellenen saýlaw gününden öň hasaba alnan syýasy partiýalara we raýatlar toparyna degişlidir.
2. Türkmenistanyň we Dagystanyň işewür toparlary ulag, logistika we gurluşyk ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýärler. Bu ýanwar aýynda Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik maslahatynyň netijeleri esasynda mälim boldy. Ulag we logistika ulgamynyň çäginde Dagystan bilen Türkmenbaşy portlarynyň arasynda ýük gämileriniň gatnawyny ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
3. Russiýanyň uniwersitetlerinde türkmenistanly dalaşgärleriň arasynda iň meşhur ugurlar mälim edildi. Türkmenistanlylarda okuwyň lukmançylyk, hukuk, pedagogika we tehniki ugurlary has uly gyzyklanma döredýär. Ýatlatsak, häzirki wagtda Russiýada 30 müňden gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar. 2022-nji ýylda Russiýanyň Hökümeti Türkmenistana taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça hünärmen taýýarlygyndan başlap aspirantura çenli 250 sany ýer bölüp berdi.
4. Türkmenistandaky iň uly onlaýn kinoteatr Belet Film iOS we Android operasion ulgamlary üçin ykjam programmasyny täzeledi. Ähli üýtgeşmeler we täzelikler tomaşaçylaryň tomaşa etmekden lezzet almagyny we islegine görä filmi tiz tapmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Watan habarlar gepleşiginiň täzelikleri
5. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Goşun generaly diýen harby ady dakyldy. Penşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisi degişli Karary kabul etdi.
6. Şu ýyl Türkmenistanda jemi 580 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Mary welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde degişli Karara gol çekdi.
7. Türkmenistanda ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident Maksatnamasyna laýyklykda, garyşyk mineral dökünleri öndürýän desgany gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada penşenbe güni Mary welaýatynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde himiýa pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Pürçekow habar berdi.
8. 25-nji ýanwarda türkmen paýtagtynyň demirgazygynda ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň IIM-niň kottejler toplumynyň üçünji tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýaşaýyş toplumyna parlamentiň Karary bilen döwlet Baştutanynyň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakylypdy.
9. 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrmagyň barşynda gyş möwsüminde derýalaryň hem-de beýleki akabalaryň suwunyň kadaly akymyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Dünýäde
10. Minskde belarus halkynyň harby we zähmet şöhraty bolan ýerler boýunça 58-nji Ýyldyz ýörişi mynasybetli dabaraly ýöriş başlandy. Bu çärä belarus ýokary okuw mekdepleriniň 200-den gowrak talyby we mugallymy gatnaşýar, şolaryň hatarynda Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Russiýadan hem ýaşlar bar. Çäräniň maksatnamasy weteranlar bilen duşuşyklary, doganlyk mazarlara gül desselerini goýmak dabarasyny öz içine alýar.
11. Ermenistanda önelgesizlige garşy döwlet derejesinde göreşmek kararyna geldiler. Ýurtda anyklaýyş we EKO amallarynyň çykdajylarynyň agramly bölegi döwlet tarapyndan tölenýän giň gerimli maksatnama badalga aldy.
Sport habarlary
12. Türkmenistandan üç emin Daşkentde geçirilýän Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň eminlik okuwyna gatnaşýar. FIFA-nyň eminleri Resul Mämmedow, Arslan Goşşanow we Alibek Sapaýew eminlik okuwlarynda Türkmenistana wekilçilik edýärler. Eminlik okuwlarynyň çäklerinde nazary we amaly sapaklar göz öňünde tutulýar.
13. Türkmen hünärmen Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Soçi futbol topary RPL-niň Gyş Kubogy ugrundaky dostlukly ýaryşa gatnaşar. Oýunlar Matç TW teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziler. Spartak, Soçi, Rostow we Krasnodaryň gatnaşmagynda ýaryş 2-11-nji fewral aralygynda Abu-Dabide geçiriler. Oňa Konstantin Geniç we Dmitriý Şnýakin teswirçilik ederler diýlip, rus teleýaýlymynyň berýän habarynda bellenilýär.
14. Gyrgyz futbol birleşigi we Italiýa Futbol federasiýasy hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekdiler. Prezident Mederbek Sydykowyň ýolbaşçylygyndaky, Baş sekretar Nurdin Bukuýew we tehniki direktor Anarbek Ormombekowdan ybarat GFB-niň wekiliýeti Italiýa Futbol federasiýasynyň başlygy Gabriele Grawina bilen duşuşdy. Gyrgyzystanyň wekiliýeti Italiýa iş saparynyň çäginde Florensiýadaky türgenleşik merkezine barar, bu ýerde dostluk duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.