Aşgabadyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze kottejler açyldy

Aşgabadyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze kottejler açyldy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, täze kottejler Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda içeri işler edaralarynyň harby gullukçylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Olaryň gurluşygyny Içeri işler ministrliginiň buýurmasy esasynda ministrlige degişli gurluşyk düzümleri ýerine ýetirdiler.

Ýaşaýyş jaýlary özbaşdak ýyladyş we sowadyş ulgamy bilen üpjün edildi.Otaglary häzirki zaman durmuş üpjünçilik ulgamlary we zerur serişdeler bilen enjamlaşdyryldy, IP telewideniýe, internet we telefon ulgamyna birikdirildi. Öýleriň otaglarynyň ýerleşdirilişi öňdebaryjy talaplara laýyk gelýär we olaryň giň eýwany, uly myhman otagy, özbaşdak durmuş üpjünçiligi bolan ýatylýan otaglar degişli derejede enjamlaşdyryldy.

Aşhanalarda durmuş tehnikasy, ykjam mebeller oturdyldy.Jaýlaryň hojalyk desgalary hem bar.

Kottej jaýlary toplumynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary esasynda baýramçylyk çärelerini geçirmek, myhman kabul etmek, toý tutmak, baýramçylyklary bellemek üçin zerur şertler bar. Şeýle hem jaýyň mellek ýeri bolup, onda ekerançylyk we bagbançylyk bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler döredilen.

Açylyş dabarasy ahalteke bedewlerine atlanyp, hatara düzülen ýigitleriň, artistleriň gatnaşmagynda, Beýik Ýüpek ýoluny ýatladýan, gadymy galalaryň, kerwensaraýlaryň, joşgunly Gündogar bazarlarynyň keşbi janlandyrýan çykyşlar bilen utgaşdy.

Milli tagamlaryň taýýarlanylmagy, toý däp-dessurlarynyň, milli oýunlaryňdyr el işleriniň ýerine ýetirilmegi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlara, sport bäsleşiklerine hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri-de gatnaşdylar.

Toplumyň çäginde ýörite taýýarlanan sahnada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Goranmak ministrliginiň aýdym-saz toparlarynyň, teatr artistleriniň we döwlet tans toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynda içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeline tagzym etdiler. Soňra olar binanyň içinde Mälikguly Berdimuhamedowyň muzeýindäki gymmatlyklar, arhiw materiallary, dürli resminamalaryň we şahsyýetnamalaryň, şol sanda döwlet sylaglarynyň, harby derejeleriň nusgalary, fotosuratlar bilen tanyşdylar.

Bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän kömekçi hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilen gök we miwe önümleriniň sergisi-de ýaýbaňlandyryldy.

Soňra dabaralar kottej jaýlary toplumynyň merkezi girelgesiniň ýanynda dowam etdi. Şanly waka gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly ýaşulular toý bagyny kesip, Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyryny açyp berdiler.

Dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Soňra el çarpyşmalaryň astynda täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser edenlere amatly öýleriň açarlary gowşuryldy. Täze jaýlara göçüp gelen maşgalalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar hem gowşuryldy.

Soňra dabara gatnaşyjylar täze jaýlaryň birine baryp gördüler we onuň abadanlaşdyrylyşy, öýlerde döredilen şertler bilen tanyşdylar, şeýle-de öý eýelerini gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Änew şäherinde gurulýan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna paýly gatnaşyjy bolmak teklip edilýär
Çoganlyda kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň raýaty türk adamsyny terk edip, emlägini hem alyp gitdi 
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY