Aşgabadyň çagalar baglarynda körpeleriň iýmiti “ogurlanýar”

Aşgabadyň çagalar baglarynda körpeleriň iýmiti “ogurlanýar”

Aşgabadyň çagalar baglarynyň ençemesinde döwlet tarapyndan körpelere berilýän azyk önümleri wyždansyzlyk bilen ogurlanýar diýip, mekdebe çenli bilim edaralarynyň işgärleri aýdýarlar. Anonim şertde Azatlyk Radiosynyň paýtagtda habarçysy bilen söhbetdeş bolan terbiýeçiler we olaryň kömekçileri “ogurlygyň” çagalar baglarynyň ýolbaşçylary bilen olaryň iýmite jogapkär resmileri bilen bilelikde amal edilýändigini belleýärler.

“Nebsini öňüne oklan resmiler çagalar baglarynyň naharhanalaryna jogapkär işgärleri bilen dildüwşüp, her aý çagalaryň agzyndan kesip, olara berilmeli azyk önümlerini doly bermän, iýmiti özaralarynda paýlaşýarlar we hususyýetçilere satýarlar. Bu önümleriň arasynda süýt-gatyk önümleri, tüwi, makaron ýaly önümler bar” diýip, çagalar baglarynyň biriniň terbiýeçisi aýtdy.

Terbiýeçiler bu ýagdaýlaryň paýtagtyň beýleki mekdebe çenli bilim edaralary bilen bir hatarda, 90-njy, 93-njy we 126-njy çagalar baglarynda ýyllarboýy gaýtalanyp gelýändigini aýdýarlar.

“Terbiýeçiler we olaryň kömekçileri bu ýagdaýlary görüp, bulardan habarly bolsalar-da, olara bu barada il arasynda agzyny ýarmazlyk berk tabşyrylýar. Bu barada gürrüň gozganlaryň işden boşadyljakdygy barada haýbat atylýar” diýip, başga bir çagalar bagynyň terbiýeçisi gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, çagalar baglarynyň ýolbaşçylary mekdebe çenli bilim edarasynyň zerurlyklary üçin döwlet tarapyndan üpjün edilýän serişdeleri hem “öz jübülerine urýarlar”.

“Soňra ýolbaşçylar bizden bu serişdeleri, ýagny arassaçylyk önümlerini, gap-gaç ýuwujy we beýleki serişdeleri, hajathana kagyzlaryny, salfetkalary satyn almak üçin çagalaryň hossarlaryndan pul ýygnamagy talap edýärler” diýip, paýtagtly terbiýeçi belledi.

Terbiýeçiler we olaryň kömekçileri çagalar baglarynyň ýolbaşçylarynyň “talaňçylygynyň” munuň bilen hem çäklenmeýändigini aýdýarlar.

Olaryň tassyklamagyna görä, terbiýeçiler we olaryň kömekçileri hem her aýda 150 manatdan 200 manada çenli pul serişdesini nagt görnüşde ýolbaşça tabşyrmaga mejbur bolýarlar.

“Näresmi ýygnalýan bu serişdeleriň çagalar baglarynyň zerurlyklary we köpçülikleýin mejbury çärelerden boşatmak üçin alynýandygyny aýdýarlar. Bu puly bermedikler, işgärleriň resmi dynç günleridigine garamazdan, her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri mejbury çärelere, şol sanda şäheri arassalamak işlerine alnyp gidilýär” diýip, terbiýeçi aýtdy.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada agzalan çagalar baglaryndan, şeýle-de, paýtagtyň bilim bölüminden telefon arkaly teswir almak boýunça yzygiderli eden synanyşyklary oňyn netije bermedi. Redaksiýa bu barada ýurduň Bilim ministrligi bilen hem habarlaşyp bilmedi.

Türkmenistanda çagalar baglarynyň resmileriniň körpeleriň iýmitini hususyýetçilere satýandygy barada Azatlyga mundan ozal hem ençeme gezek maglumatlar gelip gowşupdy.

Geçen ýylyň martynda Balkanyň Türkmenbaşy şäherindäki çagalar bagynyň bir terbiýeçisi terbiýeçilik edaralarynyň jogapkär işgärlerini çagalar üçin bölünip berilýän arassaçylyk serişdeleriniň we iýmit önümleriniň, şol sanda et we gök-bakja önümleriniň agramly bölegini öz hasaplaryna geçirmekde aýyplapdy.

2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabadyň 104-nji çagalar bagynyň ýolbaşçysynyň hojalyk işler boýunça orunbasarynyň körpelere berilýän azyk önümlerini dükanlara satmakda aýyplanyp, tussag edilendigi hem mälim bolupdy. Bu waka, Aşgabadyň we Marynyň çagalar baglarynda barlaglaryň geçirilýändigi we ene-atalaryň körpeleriň iýmitiniň hilinden şikaýat edýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat gelipdi.

Mundan başga-da, ýurduň çagalar baglarynda körpeleriň ene-atalaryndan hajathana kagyzyny we beýleki senagat harytlaryny tabşyrmak hem talap edilýär. Azatlyk paýtagtyň çagalar baglarynda ene-atalardan ýassyk we ýorgan-düşek daşlaryny öýlerinde ýuwup getirmegiň talap edilýändigi barada hem birnäçe gezek habar beripdi.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşynyň çagalar baglarynda iýmit “ogurlygy görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi”
Türkmenabadyň saglyk öýlerinde ene-atalaryň we çagalaryň uly nobatlary döredi
Nesihatly hekaýalar
Körpeleriň ene-atalaryndan hajathana kagyzyny we beýleki senagat harytlaryny tabşyrmak talap edilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary