Aşgabadyň bazarynda söwda gadagançylygyny bozýanlara garşy reýd geçirilýär

Aşgabadyň bazarynda söwda gadagançylygyny bozýanlara garşy reýd geçirilýär

Çoganlydaky bazarda köplenç öz söwda nokatlarynyň golaýynda bolýan telekeçileri söwda başynda tutmak boýunça çäreler geçirilýär. Resmi taýdan söwda etmek gadagan, häkimiýetler kornawirusyň bardygyny ykrak etmezden, keseliň ýaýran wagtynda girizen çäklendirmeler sebäpli iki aý töweregi wagt bäri azyk önümlerinden başga söwda gadagan edilýär.

Birnäçe gün bäri kanun goraýjy edaralaryň işgärleri Çoganlydaky 'jygyllyk' bazarynda söwda etmek gadagançylygyny bozýan adamlary anyklamak we tutumak boýunça işleriň giden alyp barýarlar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, karantin çäklendirmelerini bozýanlary ýüze çykarmak üçin özlerini alyjy edip görkezýän barlagçylar satyjylara ýakynlaşyp, islenýän önümi satmagyny haýyş edýärler. Bu gizlin barlagçylar satyjylar olary gizlinlikde ýapyk dükanyna alyp baranda, kanun goraýjy edaranyň işgäridiklerini aýdýarlar we dokument görkezýärler ýa-da dokumentli işgärler soň dessine gelýärler.

Bu usul bilen tutulan "düzgün bozujylar" karantin döwründe söwdanyň gadaganlygyny bozandygy üçin jerimä sezewar edilýärler ýa-da soralan möçberde resmi bolmadyk görnüşde pul bermäge mejbur edilýärler.

Habarçylar şeýle hereketleriň ozalam bolandygyny, hem häzirki kanatiniň, hem-de öňki karantin döwründe bolup geçendigini belleýärler. Emma, olaryň sözlerine görä, 16-njy we 17-nji oktýabrda geçirilen reýdler köpçülikleýin häsiýetde bolup, öňki ýagdaýlardan tapawutlanýar we jerimeleriň resmi taýdan ýazylmazlygy bilen tapawutlanýar.

Bazarlar we hyzmat kärhanalary şu ýylyň awgust aýynda tutuş ýurt boýunça ýapyldy. Bu çäklendirmeler ýurtda COVID-19-yň görlüp-eşidilmedik derejede ýaýramagyna, keselçiligiň we ölüm ýagdaýlarynyň köpelmegine gabat geldi.

Bu gadaganlyk ilkinji nobatda azykdan başga önümleri satýan söwda nokatlaryna täsir etdi. Azyk dükanlary işini dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde köp satyjylar we ýapyk duran söwda ýerleriniň eýeleri wagtal-wagtal bazarlarda bolýar. Köp adamlar dükanlaryny goraýarlar we harytlary barlaýarlar. Kimdir biri gizlin söwda edýär.

"Öňki çäklendirmeleriň dowamynda 9 aýlap gizlin söwda dowam edýärdi. Kimdir biri dostlarynyň teklibi bilen berlen salgy boýunça jaň edýärdi. Sebäbi ýagdaý her kim üçin oňaýsyz, satyjylar satmaly, alyjylara bolsa haryt gerek" - diýip çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, bu gadaganlyk hemmelere degişli däl, käbir telekeçiler gadagançylyga garamazdan, söwdasyny tas açyk dowam etdirýär we jerimelere sezewar bolmaýarlar.

"Käbirler bu ýagdaýda aç-açan ulanýarlar, açyk söwda edýärler, beýlekiler zordan gün görýärler" diýip, çeşme belledi.

Azatlygyň habarçylary zerur harytlary satyn almak üçin ýörite ýerleriň bardygyny, şol ýerde zerur zatlary sargyt edip, satyn almak barada ylalaşyp boljakdygyny aýdypdy. Mundan başga-da, gadagançylygyň bozulmagy meselesi bazar başlygy ýa-da häkimiýetleriň wekilleri bilen para bermek arkaly çözülip bilinýärdi.

Söwda we hyzmat desgalarynyň köpçülikleýin ýapylmagy köp telekeçiniň maliýe ýagdaýyna agyr täsir etdi. Çäklendirmeleriň netijesinde müňlerçe adam işini, girdejisini ýitirdi we maddy ýitgi çekdi.

Alyjylar hem oňaýsyzlyklary başdan geçirýärler. Köp adam zerur zatlaryny, şol sanda tiz ulalýan çagalary üçin geýim ýaly harytlary satyn alyp bilmeýändiklerinden zeýrenýärler. Mesele 1-nji sentýabryň öňünde has ýitileşipdi. Habarçynyň bellemegine görä, kimdir biri internetde söwda etmäge synanyşýar, ýöne bu söwdagärleriň we alyjylaryň hemmesi üçin elýeterli däl.

Geçmişde söwda, nahar we hyzmat ugurlaryndan işleýän kärhanalar geçen tomusda köpçülikleýin ýapylypdy. Uzak arakesmeden soň şu ýylyň mart aýynda bazarlar, söwda nokatlary we hyzmat nokatlary açyldy.

Azatlygyň habarçylarynyň habar bermegine görä, şu gezek köpçülik köp sanly söwda nokatlarynyň 15-nji oktýabrdan açylmagyna garaşypdyr. Şol sebäpli 15-nji oktýabrdan başlap soňky günlerde köp söwdagär we potensial alyjylar bazara ýygnanypdyr. Habarçy häkimiýetler gadagançylygy bozanlary anyklamak üçin bu pursatdan peýdalandy diýip, belleýär.

Ýurduň häkimiýetleri çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek meýilnamalaryny yglan etmediler. Karantin çäklendirmeleri girizilende-de resmi habar we düşündiriş bolmandy. Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurduň çäginde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýärler, emma BSG-niň geçen ýylky teklibinden soň özüni COVID-19 ýurtda bar ýaly alyp barýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda polisiýa IMO arkaly kömek soraýan naçarlary yzarlaýar
Durmuşda goýberilýän ýalňyşlyklar
“Indi Kimdir Biriniň Biziň Bitewigimizi Ykrar Edip Etmezligi Beýle Möhüm Däl”
Türkmenistanyň iri internet bazarynyň wagtlaýyn ýapylmagy ulanyjylary aljyratdy
Pnewmoniýanyň köpelmegi we COVID-19 testleri. Türkmenistanda kesel ýene ýaýrady
Moskwadan Türkmenistana ewakuasiýa uçar gatnawy bilen tussaglary we deportasiýa merkezlerindäki raýatlary alyp gitdiler