Aşgabadyň Altyn Täç futbol topary Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda çempion boldy

Aşgabadyň Altyn Täç futbol topary Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda çempion boldy

Aşgabat şäheriniň Altyn Täç futbol topary Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilen Laola Cup halkara ýaryşynyň altyn medalyna eýe boldy. Bu barada Janköýer habar berýär.

24 ― 28-nji iýul aralygynda geçirilen ýaryşa dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 200 çemesi futbol topary gatnaşdy. Ýaş derejeleriniň bäşisi boýunça geçirilen halkara ýaryşdaa Ýolbars lakamly Altyn Täç futbol toparynyň üç sany topary (2010, 2012 we 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerden düzülen toparlary) çykyş etdi. Şolaryň içinden 13 ýaşa çenli (2010-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda we ondan soň doglan ýetginjekleriň arasynda) topary halkara ýaryşda ýeňiji bolmagy başardy.

Bu ýaş derejesindäki ýaryşa jemi 12 topar gatnaşdy. Olar öz aralarynda üç toparça bölündiler.

Ilkinji oýundan başlap, Ýolbarslar tutanýerli we zehini bilen ajaýyp we mynasyp oýun görkezdiler. Olar toparçalaýyn tapgyrda ABŞ-yň, Angliýanyň we Hytaýyň toparlaryny ýeňip, birinji orny eýelediler. Has uly başarnyk bolsa, Ýolbarslaryň üç duşuşykda 16 gol geçirmegidir.

Topar çärýek finalda portugaliýaly futbolçylary 3:0, ýarym finalda polşalylary 2:1 hasabynda ýeňip, finala çykdy.

Final duşuşygy Angliýa wekilçilik edýän topar bilen geçirildi. Esasy wagtyň tamamlanmagyna 1 minut galýança, hasapda yzga gelen Altyn Täjiň futbolçylary ahyrky sekuntlarda hasaby deňlediler. Şeýlelikde, duşuşygyň ykbalyny 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi. Bu gezek olar 4:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, bu ýaş derejäniň çempiony bolmagy başardylar.

Laola Cup halkara ýaryşy Altyn Täç futbol kluby üçin geljegi bolan ýetginjekler üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribe boldy.

13 ýaşa çenli (U10) Altyn Täç futbol klubynyň “Laola Cup 2023” halkara ýaryşynda geçiren ähli duşuşyklaryň netijeleri:

Toparçalaýyn tapgyr:

25.07.2023ý., 10:15

“KICS” FC (Amerikanyň Birleşen Ştatlary) “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) 0:6

25.07.2023ý., 14:45

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) NCF “Elites B” (Beýik Britaniýa) 3:0

26.07.2023ý., 10:45

“Shenzhen Greenfield” (Hytaý Halk Respublikasy) “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) 0:7

“C” toparçadaky jemleýji tablisa:

Çärýek final: 26.07.2023ý., 11:45

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) “NF Academy” (Portugaliýa Respublikasy) 3:0

Ýarym final: 27.07.2023ý., 11:00

“Six Akademian Futbolu” (Polşa Respublikasy) “Altyn Täç” FK (Türkmenistan) 1:2

Final: 27.07.2023ý., 14:45

“Altyn Täç” FK (Türkmenistan) NCF “Elites A” (Beýik Britaniýa) 1:1 (11m.j.u. 4:2)

Ýene bir belläp geçmeli zat, Altyn Täç futbol topary 2023-nji ýylyň 2-8-nji iýuly aralygynda Ispaniýanyň Benidorm şäherinde geçirilen Costa Blanca Cup halkara ýaryşyna hem gatnaşypdy. Ol halkara ýaryşyna bolsa, dünýäniň bäş künjeginden 275-den gowrak futbol toparlaryny bir ýere jemledi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň haýwanat bagyndaky jandarlaryň ýagdaýy gözgyny
Milli we halkara bilermenleri öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Haýwanat baglarynyň ähmiýeti
Haýwanat baglarynyň ähmiýeti