Türkmenistanyň ähli ýerinde adaty bolmadyk güýçli tozanly tupan turdy. 17-nji awgustda ir ertir Aşgabat şäherinde çäge garyşykly tozanly harasat käbir jaýlaryň üçegine we aýnalaryna zeper ýetirdi. Aşgabadyň birnäçe ýerlerinde, elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi kesildi. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary bolýan wakalaryň jikme-jiklerini habar berýärler.
Ir ertir sagat 4 töweregi Aşgabatda güýçli ýel öwsüp başlady, onuň yzy tozanly harasada öwrüldi. Ýeliň tizligi 25-27 m/s ýetdi. Howanyň temperaturasy çalt aşak peselip, irden sagat 6-a çenli ol 22 gradusa düşdi.
“Döwülýän aýnanyň şaňňyrdysy eşidilip başlandy, köpler aýnalaryny açyk goýýardy, güýçli ýeliň zarbyndan, açyk penjireler şarkyldaşyp, aýnalary çarçuwadan uçup, döwülmäge başlady. Nähilidir uly zatlar, megerem, üçekden gopýan şifer bolsa gerek, howada galgap, ses edip, asfaltyň üstüne gaçdy” diýip, şaýatlaryň biri aýdýar.
Beýleki bir şaýat bolsa, Parahat 7 kiçi etrapçada reklama görkezijileriň ýykylandygyny, onuň ertir hem ýoluň pyýada ýörelýän böleginde çaşyşyp ýatandygyny aýdýar. Bu hadysanyň gijelikde, köçede ilatyň az wagty bolany zerarly heläkçiliksiz geçendigi aýdylýar.
“Ýel şeýle güýçli bolansoň, biziň golaýymyzdaky mekdep binasyndan metal şiferler güýçli şakyrdaşyp ses edip, soňra gopup başlady. Köçeleri ýagtylandyrýan sütünler güýçli çaýkandylar, olaryň birinden üzülen çyra ýere gaçyp döwüldi. Soňra başga bir zat uly ses bilen ýere gaçdy hem dessine diýen ýaly elektrik togy kesildi” diýip, başga bir şaýat gürrüň berýär.
Aşgabadyň birnäçe ýerlerinde elektrik togy bolmady, suw üpjünçiligi kesildi.
“Biziň ýaşaýan sebitimiz Hitrowkada, başda tok geçirijiler güýçli seslenip başlady, soňra birnäçe partyldy boldy-da, jaýlardaky elektrik togy dessine diýen ýaly ýitdi.Bu şeýle bir mälim boldy welin, tutuş töwerek yşyksyz galdy, diňe uly ýoldaky awto ulaglaryň çyralarynyň yşygy göründi hem täze gurlan beýik jaýlarda ýagtylyk bardy.
Garry agaçlaryň şahalary döwlüp, ýykylyp başlady.Agaçlaryň aşagynda duran birnäçe ulag zaýalandy, olaryň gorag sesleri işläp, goşmaça goş-gopguny artdyrdy.Ahyry suwuň gelmegi kesildi.Ertir görsek, gaz hem kesilen eken.
Goňşularymyz biziň ýaşaýan ýerimizdäki gaz geçirijiniň üstüne agaç ýykylmagy sebäpli onuň zaýalanandygyny aýtdylar” diýip, Hitrowkanyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Birnäçe ýerlerde tozanly tupan turupdyr. Aşgabatda 200 metrden aňry göze görünmändir.
Ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, howadaky tozan şeýle galyň bolup, mikroraýolaryň ýaşaýjylary daş-töweregindäki ýerleri görmändirler.
“Tozan şeýle galyňdy welin, goňşy bölegiň jaýlary görünmedi, ýogsa ol biziň 100 metre golaýymyzda, diňe jaýlaryň birinde reklama çyralary kän döwülmädi. Penjireleriň ýapykdygyna garamazdan, irden görsek, bütin içeri; mebeller, öý goşlary galyň ak çaň bilen örtülip, hemme ýer tozana garylypdyr” diýip, Parahat-3 etrapçanyň ýaşaýjysy aýdýar.
Harasat köp agaçlary ýykdy. Gurbansoltan eje köçesindäki belent jaýyň biriniň ýaşaýjysy Gurtly toplumynda köp sanly agajyň ýykylandygyny, irden olaryň ýaşaýyş jaý işgärleri tarapyndan kesilip äkidilendigini aýtdy.
Gije paýtagtyň töweregindäki ýerlerde hem tupana utgaşan güýçli ýel öwüsdi.
Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda köp zaýaçylyk bolupdyr, jaýlaryň üçekleri hem eýwanlary weýran bolupdyr. Ýollaryň ýüzünde galyň gum emele gelipdir. Irden Çoganlynyň günortasynda birnäçe köçe ýapylypdyr.
“Toý üçin howluda gurlan çadyrlary ýel äkidipdir. Ýollardaky baýdaklardyr banerleri ýel döwüpdir” diýip, Çoganlynyň ýaşaýjysy aýdýar.
Tebigy harasat Büzmeýine hem Gökdepä ýetipdir. Ol ýerlerde ýollar galyň çäge bilen örtülipdir.
“Bizde hem bar zat asmana uçdy, jaýyň üçegi şiferler, etekdäki hapa-zibilleri ýel göterip, şähere getiripdir, reklama tagtalary gopdy, ençeme garry agaçlar döwüldi. Ýenjilen maşynlar bar, şäher jaýlarynda penjireleriň aýnalary köp döwlüpdir, ertire golaý çyralar söndi.
Toý üçin taýynlanan çadyrlar doly ýok boldy, olaryň käbirini ýel äkitdi.Düşünişime görä, ol uçan çadyr ýa-da bizde aýdylyşy ýaly "palatkalar" şu günki boljak toý üçin, goňşy jaýlaryň howlusynda ýa-da girelgesinde düýn öňünden gurlan bolmaly” diýip, Büzmeýiniň ýaşaýjysy aýdýar.
Aşgabatly ýaşaýjylar tozan sebäpli allergiki keselden ejir çekýänleriň we demi gysmaly näsaglaryň kynçylyklary ýüze çykyp başlady diýýärler.
“Gündiz sagat bir töwerekleri ýagyş ýagyp başlady, ol tozany birneme aşak basdy-da, rahat dem almaga mümkinçilik döredi. Şeýle-de bolsa, howada tozan entek kän, tozan şeýle galyň welin, Aşgabatdan dagy görüp bolmaýar, ýogsa ol gaty ýakyn” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýdýar.
Kommunal hojalygyň işgärleri ir ertirden ýollaryň ýörelýän bölegini arassalap başladylar. Häkimiýetler suw we elektrik üpjünçiligini diňe irden çözüp bildiler, ýöne günortana çenli-de suwuň, aýratyn hem elektrik energiýasynyň üpjünçiligi hemme ýerde dikeldilmedi. Emma ýaşaýyş jaýlaryndaky zaýaçylygy aradan aýyrmak, döwlen aýnalary çalşylmak barada heniz hiç zat belli däl.
Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda Aşgabat şäheriniň administrasiýasy harasadyň netijesi barada hiç bir maglumat ýa-da düşündiriş bermediler. Türkmen mediasy tebigy hadysalar barada maglumat bermeýär.
Tupanly ýel Ahal welaýatynda hem bolupdyr. Balkan welaýatynda ýerlerde güýçli ýagyş, gök gürrüldisi hem ýeliň güýjemegi ýüze çykypdyr.
Metožurnalyň maglumatyna görä, Balkan welaýatynyň birnäçe etraplarynda, Ahalda, Köpetdagyň daglyk ýerlerinde, güýçli gök gürrüldisine utgaşyp, ýagyş ýagypdyr. Şu wagtda bar bolan maglumatlara görä, Garabogaz Kölde 15 mm, Çagylda hem 12 мм ýagyş ýagypdyr. Balkan welaýatynda ýeliň güýjemegi bilen deňizde harasat turup, tolkunlaryň beýikligi 1,5 metre çenli ýetdi diýip, neşir habar berýär.
Meteožurnalyň maglumatyna görä, 17-nji awgustda günüň tutuş dowamynda, Ahal hem Daşoguz sebitlerinde, ýerlerde ýagyşyň ýagmagyna garaşylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.