Aşgabada ýagan ýagyşlardan soň ýene güýçli sil geldi

13-nji aprelde Aşgabatda çabgaly ýagyş ýagyp, şäheriň köp etrabyny suw basdy.

“Sagat 16.00-dan soň şäheriň köp köçesi derýa aýlandy. Demirýoluň demirgazyk tarapyndaky awtoulag ötügi doly suwdan doldy. Bu ýeriň ýol hereketi doly kesildi. Ýunus Emre köçesini doly suw basdy” diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berdi.

“Parahat -4” etrapçasynyň jaýlary çynlakaý zyýan çekdi. Ýerzeminler doly suwa gaplandy. Ýokarky gatlaryň ýaşaýjylary bolsa, üçekden suw geçýär diýip, şikaýat edýärler.

Gismeteo-nyň howa çaklamasyna görä, Aşgabatda gelýän iki gün hem ýagyşly bolar.

Turkmen.news (ozalky TAH) neşiri suw basan köçeleri görkezýän wideoýazgy we suratlary çap etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat: Ýerzeminde ýerleşýän wagtlaýyn gabawhanada tussaglaryň 'mertebesi kemsidilýär'
25.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň möhüm desgalarynda işleriň barşy bilen tanyşdy
25.07.2017 | Ýurt Baştutanymyz paýtagtymyzda amala aşyrylýan 15-nji tapgyryň gurluşygy bilen tanyşdy
24.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy
Aşgabatlylar tebigy hadysanyň netijeleri bilen ýekme-ýek galdylar