25-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Şäherlerdäki baglar atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniweristetiniň prorektory Nurmuhammet Şihlyýew, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.
Çykyş edenler Türkmenistan bilen BMG-niň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler. Bu ugurda daşky gurşawy goramak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň ýerine ýetirilmeginiň aýratyn orny barada nygtaldy.