Başga şäherleriň nomerleri bolan maşynlary, ozalkylary ýäly, entegem Aşgabada goýbermeýärler. Mundan başga, Mary we Lebap welaýatlaryndan bolan taksiler üçin duralgany Aşgabatdan 5 km uzaklykdaky Änew şäherçesinden paýtagtdan 25 km uzaklykda ýerleşýän Gäwers şäherine geçirdiler.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, 17-nji fewral güni irden hususy taksiçilik bilen meşgullanýan we Änew duralgasynda müşderilerine garaşýan sürüjilere ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleri “gadagan edilen territoriýa girendikleri üçin” jerime salmaga başladylar.
Olaryň sözlerine görä, “başga şäherleriň transporty üçin gadagan edilen territoriýa” Aşgabadyň çetinden 25 km uzaklykdan başlanýar. Jerime tölegleriniň möçberi 100 manat. Gäwersden uzak bolmadyk ýerde polisiýa barlag nokady bolup, bu ýerde region nomerli maşynlaryň paýtagta geçişine gözegçilik edilýär.
Regionlardan gelýän maşynlaryň Aşgabada goýberilmezlik praktikasy 2016-njy ýylyň başynda başlandy. 2018-nji ýylyň ortasynda bu gadaganlyk biraz gowşadyldy we adamlara Änewe çenli barmaga rugsat berdiler. Emma indi polisiýa işägrleri öňki “düzgünlerine” gaýdyp geldiler.
Aşgabat täksileri bilen duralgdan şähere ýa-da şäherden duralga aşmaga mejbur bolýan ýolagçylar kösenýärler. Eger-de Änewden Aşgabada çenli 7-10 manada baryp bolýan bolsa, Gäwersden sürüjiler eýýäm 15-20 manat alýarlar.
Aşgabat bilen Gäwers aralygynda gatnaýan ýolagçy awtobusynyň maşruty hem bar. Emma, ýolagçylaryň sözlerine görä, Aşgabadyň haýsam bolsa bir nokadyndan awtobus duralgasyna barjak bolsaň, soň ol ýerden taksi duralgasyna barjak bolsaň, ýarpy günüň gidýär.
TH-nyň habarçylary ýollardaky gözegçiligiň has güýçlenendigini belleýärler. Ozal habar berlişi ýaly, polisiýa işgärleri Balkanabatdan we Marydan gelýän awtomoibilleri gyzyl-dörjük edip barlamaga başladylar.
Mundan başga, Aşgabatda ýene garamtyl reňkli maşynlary we köne markaly “Žiguli”, “Moskwiç” maşynlaryny gadagan edip, aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny almaga başladylar.