Türkmenistanyň dürli sebitlerinde indi birnäçe gün bäri aşa yssy howa akymy dowam edýär. 12-nji iýulda Mary welaýatynda howanyň temperaturasy gündiz, kölegede 45 gradusdan aşdy.Yssy howada saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, keselhana düşýän çagalaryň we garrylaryň sany göz-görtele köpeldi. Şeýle-de, yssy howanyň getirýän netijeleri zerarly döreýän ýangynlaryň artmagy, ýerli häkimiýetleri ilaty seresaply bolmaga çagyrmagyna getirdi.
Yssy howa we onuň netijeleri barada resmi metbugat duýduryş yglan etmeýän mahaly, ýerli häkimiýetler käbir edaralaryň işgärleriniň iş tertibini “gysgaldylan iş sagadyna” geçirdi.Lebap welaýatynda bolsa, aşa yssy howa gara ýollarda asfaltyň eremegine getirýär.
“Baýramaly etrap hassahanasyna kellesinden gün geçip, gyzdyryp, üşedip gelýän adamlar köpeldi. Içinden ýalyn geçip, içgeçme keseli bilen keselhana düşýän çagalar hem kän. Gartaşan adamlaryň we çagalaryň käbiriniň saglyk ýagdaýy has-da agyr bolup, olar Baýramaly ýokanç keseller bölümine ugradylýar. Häzir etrabyň keselhanalarynda ýer tapdyrman başlady” diýip, ýerli lukman habarçymyza gürrüň berdi.
12-nji iýulda sebitiň ýol gurluşyk edarasynyň we Jemagat hojalygy müdirliginiň uzakly gün köçelerde işleýän işgärleri üç günüň dowamynda irden sagat 7-den 10-a çenli aralykda, diňe üç sagat işlemeli edildi.
“Yssy howa zerarly, olar galan wagty boş edildi” diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.
Aşa yssy howa elektrik simleriniň eräp, üzülmegine we hatardan çykmagyna hem getirýär. Bu, käte tutuş etrapçanyň ýa-da obanyň uzakly gün ýa-da gije elektriksiz galmagyna sebäp bolýar. Käte elektrik simleriniň eremegi netijesinde dükanlarda we hojalyklarda ýangyn hem döreýär.
“Şol sebäpli ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işgärleri edaralara aýlanyp, barlag geçirip başladylar. Hususan-da, ulag ätiýaçlyk şaýlary satylýan dükanlara, ýag çalşylýan merkezlere, ammarlara gözegçilik güýçlendi” diýip, etrap elektrik üpjünçilik edarasynyň bir işgäri aýtdy.
Şeýle-de, sebitiň metjitlerinde häkimiýet wekilleri, ses gataldyjy enjamlar arkaly gygyryp, raýatlara öýlerinden çykanlarynda ähli elektrik enjamlary düýbünden öçürip çykmagy maslahat berýärler.
“Häkimiýetler ilaty seresaply bolmaga çagyrýarlar. Şeýle-de, indi ähli dükanlarda, edaralarda, mekdeplerde we çagalar baglarynda garawuldan başga-da bir ýa iki adam nobatçylyk çekip, iş ýerlerinde gijesi bilen ýatymlyk galmaly edildi” diýip, habarçymyz aýtdy.
Aşa yssy howa mal-garalara hem ýaramaz täsir ýetirýär. Öri meýdanlarda mallar gün geçip ýa-da suwsuz haram ölýärler.
“Mallar hiç zat iýmän, ýüzüni sallap başlaýarlar. Haram ölýän mallar bir sagada ýetmän çişýär we ýaramaz ys berip başlaýar” diýip, ýerli maldar habarçymyza gürrüň berdi.
Yssy howa şertlerinden towuk fermalary hem zyýan çekýär. Elektrik simleriniň hatardan çykmagy netijesinde toguň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan ýüze çykmagy, towuklaryň yssa çydaman, haram ölmegine getirýär.
“Howa ýetmän, towuklaryň agzyny açyp ölmegi bilen bagly wakalar köpeldi” diýip, Baýramalynyň towuk fermasynyň bir işgäri aýtdy.
Lebap welaýatynda hem höküm sürýän aşa yssy howa gara ýollarda asfaltyň eremegine, ýollaryň zaýalanmagyna getirýär.
Ýerli sürüjiler asfaltyň hilinden we munuň bilen bagly häkimiýetleriň çäre görmezliginden şikaýat edýärler.
“Aşa yssy howa awtoulaglaryň hem hatardan çykmagyna getirýär. Şu günler ýollaryň gyralarynda hatardan çykan ulaglary köp görse bolýar. Olaryň käbiriniň tekerleri gyzgyna ýumşap, ýelini goýberýär” diýip, habarçymyz belledi.
Habarçymyz 13-nji iýulda Maryda ýene tozanly ýeliň turandygyny, munuň aşa yssy howanyň arasynda, esasanam demgysma keselinden, ýürek näsazlyklaryndan ejir çekýän raýatlaryň saglygyna has-da ýaramaz täsir edýändigini aýdýar.
“Öýlere aýlanýan lukmanlar garrylara we ýaş çagaly enelere şu hepdäniň dowamynda öýden çykmazlygy we çagalara köp suw içirmegi maslahat berdiler” diýip, habarçymyz aýtdy.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi yssydan goranmagyň düzgünlerini çap etdi.
13-nji iýulda ýurduň “Türkmenistan” gazetiniň iň soňky sahypasynda çap edilen düzgünlerde irden sagat 9:00-dan agşam sagat 18:00-a çenli möwsüme görä, açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan ulanmak, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär.
Tomsuň yssy günlerinde daglara, açyk meýdana gezelençleri guramazlyk, meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek we başgaply bolmak hem maslahatlaryň hatarynda agzalýar.
Ýöne adatça bolşy ýaly ne bu gazetde, ne-de döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlary gepleşiginiň 12-nji iýulda efire berlen sanynda ýurtda dowam edýän yssy howanyň getiren netijeleri, ilata ýetiren täsirleri barada hiç zat aýdylmaýar. Türkmenistanda ilata adatdan daşary howa hadysalary bilen bagly degişli duýduryşlar ýyllarboýy berilmän gelýär.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatyna görä, 13-nji iýulda Maryda we Lebapda howanyň temperaturasy 44 gradusa çenli ýokarlanar.
Howa maglumatlaryny çap edýän “AccuWeather” gullugy 13-nji iýulda howanyň temperaturasynyň Maryda 41 gradusa we Lebapda 39 gradusa ýetjekdigini görkezýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.