Horlanmak we semizlige garşy göreşmek üçin derman serişdelerini öndüriji senagatyň maliýe düzümi geljek onýyllykda 200 milliard dollara ýetip biler. Bu barada farmasewtika kompaniýalarynyň paýnamalaryny seljeriji Barclays kompaniýasynyň Ýewropa bölüminiň başlygy Emili Fild habar berdi diýip, CNBC teleýaýlymyna salgylanýan Inform.kz ýazýar.
Aşa semizlik geljek onýyllygyň taryhyny düzer diýip çaklaýarys, bu bazar onýyllykda 100 milliard dollara ýetse gerek, eger ýagdaý şunlugyna dowam etse, ol iki esse köp hem bolup biler, biz netijede, dünýäde aşa semizligiň iň ýokary derejesi bilen ýüzbe-ýüz bolarys diýip, Fild nygtady.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, soňky on ýylda semizligiň ählumumy görkezijileri üç esse ýokarlandy. Häzir dünýäde 1 milliard adam semizlikden ejir çekýär, olaryň 650 milliony ulular, 340 milliony ýetginjekler we 39 million sanysy çagalardyr.