Aşa köp derlemäniň öňüni almagyň tebigy ýollary

Aşa köp derlemäniň öňüni almagyň tebigy ýollary

Gepleşigimiziň bu Aşa köp derlemäniň öňüni almagyň tebigy ýollary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Derlemek, bedeniň ýylylyk, suw we duz deňagramlygyny kadalaşdyrýan fiziologik ýagdaýdyr. Esasanda goltugyň aşagy, daban we aýanyň içinde emele gelýän aşa derlemäniň dürli sebäpleri bolup biler.

Alma Sirkesi

Bedeniňiz doly gurandan soň arassa pagtany alma sirkesine batyryň. Şol pagta bilen derleýän ýerleriňizi süpüriň we guraýança garaşyň. Ertir turanyňyzda sirkäniň ysyny aýyrmak üçin ýuwunyň. Derleýän ýerleriňize beden pudrasyny çalynyň.

Ada çaýy

Aşa derlemäni tebigy ýollardan aýyrmagyň iň netijeli usullaryndan biri hem adaçaýydyr. Adaçaýyny çaý hökmünde içmek bilen bilelikde ony tonik hökmünde bedeniňize çalmak maslahat berilýär.

Ýemşen çaýy

Ýemşeni adaty çaý demleme usulynda demläp, günde 1 käse içmek maslahat berilýär. Ýemşeniň çaýynyň aşa köp derlemäni aýyrmak üçin peýdalydygy aýdylýar.

Limon we duz

Gerek bolan önümler:

3 nahar çemçesi limon suwy

1 nahar çemçesi duz

Taýýarlanyşy: Bellenen mukdardaky önümleri garyň. Ergini goýulaşýança garmaga dowam ediň. Soň ergini derleýän ýerleriňize çalyň we 5-6 minut garaşyň. Soň ýuwunyň. Günde bir gezek erginden peýdalanmak maslahat berilýär.

Drož

Ýarym käse suwa 1 çaý çemçesi droz goşup, garyň. Ergini derleýän ýerleriňize çalyň. 15 minut soň ýyly suw bilen durulaň. Hepdede iki gezek gaýtalaň.

Greçiha

Greçiha ösümligi derlemäni kadalaşdyrýan ösümliklerden biridir. Bir tutum greçihany bir käse suwda 5 minut gaýnadyp, birnäçe minut demländen soň içmek maslahat berilýär.

Kokos ýagy

Kokos ýagynyň ysy, erbet yslary aýyrmak üçin peýdalydyr. Ýyly duşdan soň aşa derleýän ýerleriňize kokos ýagyny çalmak maslahat berilýär.

Gök çaý

2 alternatiw hödürleýäris. 1-njisi çaý görnüşinde içmek, ikinjisi bolsa tonik hökmünde peýdalanmak. Gök çaý aşa köp derleýän goltuk we aýak üçin arassalaýyjy hökmünde-de peýdalydyr.

Gök çaýy demläp, sowadalyň. 15-20 minut soň çaýy aşa derleýän ýerlerimize çalalyň. Gök çaýdan her gün kadaly peýdalansaňyz, onuň netijesini gysga möhletde görersiňiz.

Gara çaý

2 alternatiw bar. 1-njisi çaý görnüşinde içmek, ikinjisi bolsa tonik hökmünde peýdalanmak. Derlemäni aýyrmak üçin günde bir käse gara çaý içmek maslahat berilýär.

Çaý sodasy we Aloe wera

Çaý sodasy we aloe weraly ergin üçin gerek bolan önümler:

2 çaý çemçesi çaý sodasy

2 nahar çemçesi aloe wera gel

Taýýarlanyşy: Ilki öýüňizde ösýän aloe wera ösümligi bar bolsa, ondan gel alyp bilersiňiz. Bir gaba geli salyň, üstüne 2 çaý çemçesi çaý sodasyny goşup, gowuja garyň.

Ergini taýýarlandan soň aşa köp derleýän ýeriňize çalyň. Gowy netije almak üçin her gün çalmak maslahat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary
Saç goňayny aýyrmak üçin käbir tebigy teklipleri
Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri
saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary
Saç goňayny aýyrmak üçin käbir tebigy teklipleri
Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary